Gözi goramak üçin ýörite iýmitlenmegiň öz düzgüni bar. Şonuň üçinem göz damarlaryny berkidiji iýmitleri iýmek has peýdalydyr. Gözümizi Gün şöhlesinden goramagy hem unutmaly däldiris. Size hödürlejek maslahatlarymyz siziň görer gözüňiziň has-da nurly, nerw öýjükleriniň ýadawlygynyň aýrylmagyna getirer hem-de gözüň hereketlendiriji myşsalary berkär.
Kitap okalanda, hat ýazylanda gözden 30 sm araçäkde bolmaly.
Telewizor görlende, her 30-40 minutdan 5-10 minutlyk göze dynç bermeli.
Gözi goramak üçin ýörite iýmit düzgünlerini berjaý etmeli. Olar A, B, С witaminleri saklaýan balyk, bagyr, çernika, gara smorodina, şugundyr, käşir, kelem, garaly, ukrop, petruşka, gök sogan ýaly gök önümlerdir.
Her 1-1,5 sagatdan 10-15 minut gözlere dynç bermeli; gözleri ýumup 8 gezek saga we çep tarapa aýlamaly, soň gözleri açyp çalt-çaltdan gyrpmaly.
Göz bäbenegini ýokaryk-aşak hereketlendiriň. Gün içinde bu maşky 5-6 gezek gaýtalamaga synanyşyň!
Gözleri saga, soňra çepe hereketlendiriň! Bu maşk gözi ýeterlik mukdarda çyglandyrmaga ýardam eder.
Gözüňizi bar güýjüňiz bilen ýumup, 30 sekuntdan soňra giňden açyň! Bu maşky günde 4 gezek gaýtalamak ýeterlikdir.
Gözüňiz bilen süýem barmagyň ujuna serediň, soňra barmagyňyzy ýokaryk-aşak hereket etdiriň, hereketi gözleriňiz bilen yzarlaň!
Kelläňi yza agdaryp dem almaly, soň öňe egip demi goýbermeli.
Gözüň ýadawlygyny aýyrmak üçin, pagtany gök çaýa ezip, gözüň üstünde goýsaň, göz damarynyň rahatlanmagyna peýdasy deger.
Daşa ýakyna 1 minutlap seredip, soň burnuňdan 10-15sm ýakynlyga seretmeli.
Oňaýly iş ýeri, ýeterlikli ýagty we ýagtylyk şöhlesi göni göze düşmeli däl, ýagtylyk bütin otaga deň ýaýran bolmaly. Gözi goramak üçin ýörite iýmitlenmegiň öz kadasy bolmaly. Ýagny, damarlary berkidiji maddalary saklaýan iýmitleri; çernika, garaly, käşir, balyk, bagyr, ukrop, kelem, gök sogan, petruşka ýaly gök önümleriň köp iýilmegi maslahat berilýär.
Gözleriňizi aýap saklaň! Çünki gözümiz dünýämiziň aýnasy, kalbymyzyň nurudyr.
Leýli URUMBAÝEWA,
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Lebap welaýat saglygy goraýyş we anyklaýyş merkeziniň oftalmolog lukmany.