Endokrinopatiýalaryň arasynda galkan şekilli mäziň keselleri öňdäki hatarda durýar. Şeýle-de, dünýäniň dürli ýurtlarynda bu kesel bilen keselleýjilik ýyl-ýyldan artýar. Olaryň esasylaryna autoimmun genezli keseller, zobuň düwünli görnüşleri, howply çişler, ýod ýetmezçilik keselleri degişlidir.
Zobuň patogenezinde esasy orun autoimmun mehanizmlere berilýär. Aýry ösümliklerden edilen iýmitiň üsti bilen bedene düşýän tiosinatyň we tiooksizolidonyň zobogen täsiri bolýar. Dürli ýokanç keseller hem galkan şekilli mäze (GŞM) şular ýaly täsirini ýetirip bilýärler. GŞM-niň patologiýasynyň ösüşinde derman serişdeleriň, makro- we mikroelementleriň hem belli bir täsiri bolup biler. Endemiki zobuň emele gelmeginde nesle geçijilik (genetiki) faktorlaryň ähmiýeti barada maglumatlar hem bar. Şunlukda, probanda ganybir garyndaşlygyň dürli derejesi bolan adamlarda endemiki zob bilen kesellemek derejesinde möhüm statistik tapawutlar anyklanyldy. Bu netije nesil yzarlaýjylyga daşky faktorlaryň täsiriniň wajyplygyny subut edýär.
Galkan şekilli mäziň adenomasy howply däl täze döremelere degişli bolup, ol mäz öýjüklerinden emele gelýär. Galkan şekilli mäziň gormonlarynyň öndürilişini kadadakydan ýokarlandyrýan bu kesel belli-belli ýagdaýlarda howply täze döremä geçip bilýär. Galkan şekilli mäziň adenomasynyň döremegine daşky gurşawyň ekologiki ýagdaýy, boýun şikesleri, gipofiz mäziniň işjeňliginiň ýokarlanmagy, gormonal bozulmalar, nesilleýin meýillilik, iýmit önümlerinde ýoduň ýetmezçilik etmegi, dowamly nerw dartgynlylygy sebäp bolýar. Kesel esasan ýüregiň çalt urmagy (tahikardiýa), aritmiýa, arterial gan basyşynyň ýokarlanmagy (gipertoniýa), elleriň titremegi, sesiň üýtgemegi, gözleriň ýaşarmagy, üsgülewük, ukynyň, gepleýşiň, dem alşyň bozulmagy, göze goşa görünme, ýagtylykdan gorkmak, bedeniň agramynyň peselmegi ýaly alamatlar bilen ýüze çykýar.
Näsag çalt ýadaýar, köp suw içýär we ýygy-ýygydan buşugýar, derleýär, gyjynýar. Gorky, howsala duýgulary ony ynjalykdan gaçyrýar. Bokurdak töwereginde oňaýsyzlyk duýulýar, boýnuň öňki diwary görnüşini üýtgedýär, agyrýar. Boýnuň öň tarapynda dörän adenomanyň möçberi uly bolýar.
Islendik keseliň, şol sanda galkan şekilli mäziň adenomasynyň bejergisi näçe ir geçirilse, şonça-da ýokary netije berýär. Bu keseliň bejergisinde aglaba ýagdaýda hirurgiki usul ulanylýar.
Ýusup AHMEDOW,
Lebap welaýat köpugurly hassahanasynyň II hirurgiýa bölüminiň hirurg lukmany.