Sagdyn durmuşSlider

Narpyz — hoşboý ysly melhem

10-12-2023 / 10

Narpyz örän peýdaly we hoşboý ysly ösümlikdir. Ol ýagtylyk köp düşýän, yzgarly we mes toprakly ýerlerde ösýär. Bu ösümlik suwarymly ýerlerde, ýaplaryň boýlarynda köp duş gelýär. Onuň uzyn ýapraklary, gülgüne reňkli gülleri bolup, boýy bir metre çenli ösýän otjumak ösümlikdir. Täsin ysly bu ösümligiň ýapraklary lukmançylykda, halk tebipçiliginde, gözellik serişdelerinde, konditer önümlerini taýýarlamakda  giňden ulanylýar.

Narpyzyň dermanlyk häsiýetleri dürli keselleri bejermekde, bedeniň saglygyny dikeltmekde we goramakda ulanylýar. Ol işdäni açýar, iýmit siňdirişi gowulandyrýar, ýokary dem alyş ýollarynyň sowuklamasynda hem bronhitde peýdalanylýar. Narpyzyň ýapraklaryndan taýýarlanylýan melhemlik toşap agyz boşlugyny ýokançsyzlandyrmakda oňat serişdedir. Lukmanlar her gün irden demlenilip taýýarlanylýan narpyz çaýyny içmegi maslahat berýärler. Ondan başga-da, narpyz çaýy gan aýlanyşygyny sazlaýar, gan damarlaryny giňeldýär, damar diwarlarynyň işjeňligini ýokarlandyrýar, aşgazanda ýara döremeginiň öňüni alýar, öt haltasynyň işini güýçlendirýär, ýürek bulanmany aýyrýar.

Narpyzyň düzümindäki efir ýagy, parfýumeriýada, süýji-köke önümçiliginde-de giňden ulanylýar. Ösümligiň ýapraklaryndan taýýarlanylan dermanlyk serişdeler, antiseptik maddalar, sowuklamanyň garşysyna taýýarlanýan şerbetler has irki wagtlardan bäri peýdalanylyp gelinýär. Narpyz hakykatdan hem, taryhda yz galdyran we häzirem isleg bildirilýän güýçli derman serişdesi. Birnäçe müň ýyl mundan ozal gadymy grekler narpyzy atyr we aşhanada jaz hökmünde ulanypdyrlar. Rimliler bolsa onuň esasynda diş majumyny we derman ýasapdyrlar. Wagtyň geçmegi bilen bu ösümligiň başga bir täsirli aýratynlyklary hem ýüze çykyp başlapdyr. Bu otuň mör-möjeklere garşy göreşde kömegi degipdir. Tebipler narpyzy şeýle bir öwüpdirler welin, adamlar ony ýörite ösdürip başlapdyrlar.

Häzirki wagtda narpyzy çaýa goşup ulanmak has-da ýörgünli tärleriň birine öwrüldi. Şeýle hem dermanlyk çaý ukyny sazlamakda, kelleagryny köşeşdirmekde, myşsalaryň dartgynlylygyny gowşatmakda, horlanmakda, üsgülewügi aýyrmakda örän ähmiýetlidir.

Alma ANNABAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti kafedrasynyň mugallymy, lukmançylyk gullugynyň maýory.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu