Sagdyn durmuşSlider

Kädi we gözellik

07-12-2023 / 13

Kädi möwsüminde lezzetli reseptler bilen garnyňyzy doýuryp, gözelligiňize gözellik goşup bilersiňiz. Kädiniň deri üçin peýdasy köpdür.

Eýsem, kädiniň deri üçin peýdalary näme?

Kädi ajaýyp eksfoliator. Düzümindäki miwe fermentleri we alfa-gidroksid kislotalary ölen derini siňdirip, size sagdyn derini bagyş edýär.

Kädi garrylyga garşy düzümi bolan A witamine baýdyr.

Kädi ýaş tegmillerini ýeňilleşdirýän hem-de deriniň reňkini deňleşdirýän ýüz maskasy üçin hem ajaýyp täsire eýedir.

Deri tonuny we gurluşyny gowulandyrmak üçin kollagen önümçiligini goldaýan C witamini we beta-karotine baýdyr.

Gurbangözel NURGELDIÝEWA,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu