Sagdyn durmuşSlider

Mekgejöwen we saglyk

05-12-2023 / 7

Mekgejöwen ýüz ýyl mundan ozal iň ekzotik önümleriň biri bolupdyr, şeýle-de bolsa häzirki wagtda ol giňden ýaýrandyr. Taryhçylaryň bellemegine görä, mekgejöwen gadymy hindilerde mukaddes önüm hasaplanypdyr. Mekgejöweniň dänelerinde deňagramly mukdarda beloklar, ýaglar we uglewodlar, şeýle-de, C, B, PP witaminleri, kaliý we fosfor bar. Mekgejöwen ýürek-damar ulgamynyň kadaly işlemegi üçin zerur bolan K witaminiň iň oňat çeşmelerinden biridir.

Bedenden artykmaç holesteriniň bölünip çykmagynda önümde saklanýan komponentler netijeli serişdedir. Şeýle-de, ýagly iýmitler kän iýlende, ýany bilen mekgejöwen iýmek maslahat berilýär. Ol agyr ýaglaryň bedene ýetirýän zyýanyny epesli derejede azaldýar. Önümiň esasy iýmitlik we dermanlyk gymmaty diňe bir dänelerinde bolman, eýsem onuň gyzylymtyl gulpaklaryndadyr. Olar häzirki zaman lukmançylygynda giňden ulanylýar.

Mekgejöwen gulpaklary sowuklamada, öt haltasynyň işini gowulandyrmakda, gandaky şekeriň mukdaryny sazlamakda örän ähmiýetlidir. Gulpagyň üç nahar çemçesini 200 ml gaýnag suwda garyp, taýýar bolan melhemi nahardan öň, şeýle-de her 3-4 sagatdan içmek maslahat berilýär. Mekgejöwenden taýýarlanýan ýag peýdaly täsirleri babatynda zeýtun, ösümlik ýaglaryndan pes gelmeýär. Mekgejöwen ýagyny hem gündelik iýmitde ulanmak beden saglygyny goramakda, immun ulgamyny güýçlendirmekde peýdalydyr.

Mekgejöwen täsin ösümlikdir. Onuň boýy 3-4 metre çenli ýetip bilýär, köki bolsa topraga 1,5 metre çenli aralaşýar. Ösümligiň däneleriniň hemişe jübüt bolýandygy-da onuň täsin taraplarynyň biridir. Häzirki wagtda mekgejöweniň 1000-e golaý görnüşi belli bolup, ol Antarktidadan başga ähli ýerlerde ösdürilip ýetişdirilýär.

Orazgül MYRATDURDYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu