Aslynda, tebigy usullar arkaly günde birnäçe minudyňyzy sarp edip, dişleriňiziň akja bolmagyny gazanyp bilersiňiz.
Öý şertlerinde tebigy usullar bilen saralan dişleriňizi ýagtylandyrmak öz eliňizde. Ilki bilen üns bermeli ýeke-täk zadyňyz, dişleriňiziň arasynda galan galyndylaryň we çüýremeginiň öňüni almak üçin iýip-içeniňizden soňra agzyňyzy gowy edip ýuwuň.
Antibakterial gazlandyrylan garyndy. 1 çaý çemçesi hamyr sodasyna deň mukdarda zeýtun ýagyny goşuň we üstüne birnäçe damja limon gysyň. Alnan garyndy bilen dişleriňizi ýuwuň. Hepdede iki gezek ulanjak bu gazlandyrylan garyndy, dişleriňiziň reňkini ýeňilleşdirer we agzyňyzdaky bakteriýalary ýok eder. Bu amal üçin aýratyn diş çotgasyny ulanyň.
Darçyn. Bir çaý çemçesi adatyja we bir çaý çemçesi tozan darçyna birnäçe damja limon goşuň. Bir käsede gowy garylan maddalar bilen dişleriňizi ýuwuň. Bu usuly hepdede 3 gezek gaýtalaň.
Ýertudana. Orta ölçegli ýertudanany gowy edip ýuwup, dişleriňize sürtüň. Her gije ýatmazdan ozal bu usuly bir hepde yzygider gaýtalaň.
Gliserin. Diş çotgaňyza birnäçe damja gliserin goşuň. Dişleri aklaýan gliserin, bakteriýalary ýok etmek bilen dişiň çüýremeginiň hem öňüni alýar.
Süýümli gök önümler we miweler. Brokkoli, alma we hyýar ýaly süýüme baý gök önümler hem dişleri agartmakda hem diýseň täsirli usuldyr.
Güljeren ÇARYÝEWA,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 3-nji ýyl talyby.