Sagdyn durmuşSlider

Irden iýeniň özüňki…

24-11-2023 / 10

Lukmanlaryň aýtmagyna görä, ertirlik naharynyň ynsan saglygy üçin ähmiýeti örän uludyr. Ertirlik naharynda süýt we süýt önümleri, gaýnadylan ýumurtga, greçkadan, tüwüden taýýarlanan şüleler bedene köp mukdarda energiýa berýär. Şol sebäpli ertirlik naharyny edinmän işe gitmek ýa-da çagalarymyzy okuwa ugratmak maslahat berilmeýär.

Köplenç ýagdaýlarda, biz agşamlyk naharyndan galan iýmiti gyzdyryp iýýäris. Bu bolsa, ynsan saglygyna zyýan ýetirýän esasy sebäpleriň biri bolup durýar. Has dogrusy, biziň köpimiz ertirlik naharyny taýýarlamaga ýaltanyp, saglygymyz hakyndaky aladany ünsden düşürýäris we öz saglygymyzy özümiz ýitirýäris. Şeýle hem, mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlara ertirlik edinmegiň aýratyn zerurdygyny bellemek gerek. Sebäbi, muny endigine öwren çagalaryň we ýetginjekleriň ýatkeşligi has ýiti hem-de sapaklaryna ukyplary has ýokary bolýar.

Il içinde «Irden iýeniň özüňki…» diýen aýtgy hem bar. Ir bilen howlukman, arkaýyn iýlen ertirlik günortana çenli ajykdyrmaýar, beýniniň pikirleniş ukybyny artdyrýar, synalara kuwwat berýär, dürli ownuk-uşak işleri ýerine ýetirmäge zerur bolan energiýany üpjün edýär.

Ertirlik naharynyň saglyk üçin täsiriniň şeýle uludygyna hemmämiziň düşünmegimiz gerek.

Hanipa NURULLAÝEWA,
Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu