Pasyllaryň çalyşmagy, howanyň üýtgemegi bilen döräp biläýjek möwsümleýin ýokanç kesellerden goranmak we olaryň öňüni almak üçin, keselleriň geçip biläýjek ýollary barada habarly bolmak zerurdyr.
Möwsümleýin ýokançlaryň biri hasaplanýan ýiti respirator keseli näsag adamdan sagdyn adama asgyranda, üsgürende we gepleşende howa damja ýollary bilen geçýär.
Kesel umumy ysgynsyzlyk, gyzgynyň ýokarlanmagy, kelleagyry, bokurdagyň nemli bardalarynyň gyzarmagy, gijemegi hem-de burnuň dykylmagy ýaly alamatlar bilen ýüze çykýar.
Keseli bejermek üçin dürli antibakterial dermanlary özbaşdak kabul etmek näsagyň ýagdaýynyň beterleşmegine, bedeniň immun ulgamynyň peselmegine, şeýle-de, bedende witamin ýetmezçiliginiň ýüze çykmagyna getirip biler.
Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin В toparyna hem-de D, C witaminlere baý bolan önümleri iýmek örän peýdalydyr.
Güýz aýlary kesel dörediji wiruslaryň işjeňliginiň artmagy netijesinde, keseliň ýokuşmak derejesi ýokarlanýar. Beýle ýagdaýda ýokanç kesellerden goranmak üçin sarymsak örän peýdaly iýmit hasaplanýar. Onuň düzümindäki fitonsidleriň täsiri kesellemek howpuny peseldýär. Arassaçylyk düzgünlerini doly we dogry berjaý etmek hem örän möhümdir.
Otagda üzärlik tütetmek wiruslara garşy göreşmegiň bir görnüşidir. Dermanlyk ösümlikler ýa-da sogan, sarymsak atylan gyzgyn bugdan dem almak hem peýdalydyr.
Asgyranyňyzda, üsgüreniňizde, agzyňyzy, burnuňyzy elýaglyk bilen ýapyň, elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň! Bu maslahatlary ýerlikli ulansaňyz, özüňizi we ýakyn adamlaryňyzy keselden gorarsyňyz.
Jemal ORUNOWA,
Lebap welaýatynyň Darganata etrap hassahanasynyň çaga dogruş bölüminiň akuşer ginekolog lukmany.