Elleriň ýagdaýyndan, gyzgynlyk derejesinden, derisiniň görnüşinden çen tutup, haýsydyr bir keseliň döräp başlandygyny güman edip bolýar. Keseliňizi irki döwründe ýüze çykarmak isleseňiz, elleriňizi ünsli synlaň. Mysal üçin, aýalaryň gaty gyzarmagy bagryň toksiki zäherlenmesindan habar berýär. Ondaky mermer şekiller bolsa wegetatiw nerw ulgamynda näsazlyklaryň bardygyny aňladýar.
Sarymtyl öwüşgin bagyrdaky ýa-da öt haltasyndaky üýtgemeleri (gepatit, holelitiaz, holesistit, holangit we öt çykaryjy ýollaryň beýleki keselleri) görkezýär. Penjäniň arka tarapyndaky goňur tegmiller mydama adam garranda pigmentleriň (dokumalara reňk beriji maddalar) boýamak ukybynyň bozulmagy bilen baglanyşykly bolup durmaýar. Bu alamat öt haltasynda näsazlyklar ýüze çykanda hem peýda bolýar.
Aýalaryň sowuk bolmagy periferiki ganaýlanyşyň bozulmagynyň alamaty. Galyberse-de, bedende nikotin ýetmezçilik edýär. Şeýle ýagdaýlarda bu mikroelemente baý azyk önümlerini iýip-içmeli. Nikotin süýt önümlerinde, etde, balykda, kömelekde, greçkada, noýbada, kelemde köp.
Tersine, aýalaryň gyzgyn bolmagy bagryň derman, alkogol ýa-da himiki maddalar bilen dowamly zäherlenme zerarly gowşandygyny aňladýar. Lukmanlar gyzgyn aýalara “bagyr aýalary” hem diýýärler.
Nemli aýalar endokrin bozulmalary, megerem, galkan şekilli mäziň işiniň çendenaşa işjeňleşendigini aňladýar.
Saglyk ýagdaýyňy barmaklardan hem aňlamak bolýar. Mysal üçin külembikeleriň häli-şindi guruşmagy ýürek-damar ulgamyndaky näsazlyklar bilen baglanyşykly. Munuň özi kardiologa ýüz tutmalydygyny habar berýär.
Başam barmaklaryň guruşmagy dem alyş ulgamynyň gowşamagynyň alamaty.
Barmaklaryň ahyrky süňklerini örtýän deridäki uzaboýuna ýerleşen çuň, ýygyrtlara meňzeş epinler endokrin ulgamyna ünsüňi çekýär. Megerem, sizde gipotireoz (galkan şekili mäziň işjeňliginiň peselmegi) ýa-da süýjüli diabet ýaýbaňlanyp başlandyr.
Barmaklaryňyzyň ujy gyrmyzy reňke boýalan ýaly bolsa onda iýmit siňdiriş agzalarynyň kemçiligini aňladýar. Başam barmaklaryň başlanýan ýerindäki tegmiller jyns agzalarynyň kadaly ýagdaýda däldigini habar berýär.
Sag eliň süýem barmagynyň gapdal taraplarynda ýüze çykýan gijilewük ýogyn içegäniň näsazlyklarynyň alamaty. Süýem barmagyň arka tarapynda deriniň büdür-südür bolmagy, köplenç, öt haltasyndaky näsazlyklardan habar berýär.
Bulardan başga-da, dyrnaklar hem kän zady aňladýar. Dyrnaklaryň gyzarmagy bagra we böwreklere üns bermelidigini duýdurýar. Olaryň mawy reňke geçmegi kislorodyň ýetmezçiligi zerarly ýüze çykýan ýürek ýa-da öýken ýetmezçiliginiň alamatlarynyň biridir. Bu alamat köplenç demgysma we gowşaklyk bilen utgaşýar.
Dyrnaklarda kese ýerleşen zolaklar dyrnak plastinkasynyň ösüşiniň wagtlaýyn saklanmagynyň alamaty. Şeýle ýagdaý islendik keseliň, meselem, gripiň agyr görnüşinde duş gelip bilýär. Emosional stres ýa-da dermanlaryň gapdallaýyn ýaramsyz täsiri zerarly hem dyrnagyň ösmeginiň wagtlaýyn saklanmagy ähtimal.
Ak nokatlar, menejikler, köplenç witaminler ýetmezçilik edende ýa-da dyrnaga şikes ýetende döreýär.
Sapargeldi ROZYÝEW,
Lebap welaýatynyň Darganata etrap hassahanasynyň deri keseller lukmany.