Ilatyň saglyk ýagdaýyna geçirilýän gözegçilik we ylmy-barlag işleriniň netijeleri adam bedeninde D witamininiň ýeterlik mukdarda bolmagynyň möhümdigini görkezýär. D witamini öz düzümi boýunça progormonlara degişli bolup, bedende süňk dokumasynyň emele gelmegine, gormonlaryň, immun ulgamynyň işine täsir edýär, bedeniň ähli agzalaryndaky kalsitrolyň reseptorlaryny işjeňleşdirýär.
Bu witamin bedende kalsiý we fosforyň deňagramlylygyny saklaýar. Onuň işjeň görnüşi immun ulgamynyň öýjüklerini, şeýle hem T-limfositleri, dendrit öýjüklerini we makrofaglary güýçlendirýär.
Kalsiferollar bedende kalsiniň özleşmegine, kalsiý we fosfor çalşygyna, galkan şekilli mäziň, jyns mäzleriniň funksional ýagdaýyna täsir edýär. Bedende kalsiferolyň mukdarynyň peselmegine ultramelewşe şöhlesiniň ýetmezçiligi, içegede özleşdirilmeginiň bozulmagy we iýmitde D witamininiň mukdarynyň peselmegi sebäp bolýar.
Onuň ýetmezçiliginiň öňüni alyş çäreleri şulardan ybaratdyr:
— kalsiferola has baý bolan iýmit önümleri balygyň, esasan-da, treska, paltus, kambala, deňiz balygynyň bagry, balyk ýagy, işbil, ýumurtganyň sarysy, süýt önümleri (gaýmak, çig gaýmak), kömelek hasaplanýar. Olaryň iýmit önümlerindäki mukdary ýazyna hem-de tomsuna ýokarlanýar, güýzünedir gyşyna bolsa azalýar;
— D witamini bilen öňüni alşyň dowamlylygy we mukdary onuň ýetmezçiliginiň derejesine, näsagyň ýaşyna, beden agramyna, utgaşýan kesellerine görä lukmanyň maslahaty bilen bellenilýär;
— D witamininiň ýetmezçiligini derman serişdeleri bilen dolmak zerurdyr. Onuň birnäçe derman görnüşi bolup, olar sanjymdan, gerdejikden, süýri däneden, damjadan, spreýden ybaratdyr. Gyşda D witamininiň, esasan, derman görnüşi köpräk ulanylýar.
Biologik maddalar toparyna degişli bolan D2 witamini iýmit bilen kabul edilýär, D3 witamini bolsa ultramelewşe şöhleleriň täsiri netijesinde deriniň aşagynda emele gelýär.
D witamininiň esasy wezipesi kalsiniň we fosforyň siňmegini ýokarlandyrmakdyr. Bu madda adamyň kesellere garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrýar, süňkleriň berkligini we çeýeligini üpjün edýär, beýniniň işine ýardam berýär, şonuň üçin hem ol ösüp gelýän ýaşlara aýratyn zerur gerekdir.
D witamini adam bedeniniň ähli agzalarynyň we ulgamlarynyň sazlaşykly işlemegi üçin zerurdyr. Ol ganyň lagtalanmagyny, gan basyşyny we ýürek urgusyny sazlaýar. Bedende uglewodyň we ýagyň metabolizmine gatnaşýar. Myşsalaryň tonusyny güýçlendirýär, gandaky insuliniň we süýjiniň derejesini sazlaýar.
Humaý KUWWATNYÝAZOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby.