Sagdyn durmuşSlider

Bronhial astma: alamatlary, bejergisi

02-11-2023 / 5121

Bronhial astma – dem alyş ýollarynyň zeperlenmegi bilen geçýän dowamly, gaýtalanyp durýan keseldir. Ýer ýüzüniň ilatynyň 2 göterimden az bolmadyk bölegi bu keselden ejir çekýändir.  Öýken keselleriň içinde bronhial astma we demgysma alamatly dowamly bronhitden maýyplygyň  ýagdaýynyň döremegi has ýygy-ýygydan duş gelýändir.  Kesel  5 ýaşa çenli ýa-da 60 ýaşdan uly erkek adamlarda has ýygy duş gelýär.

Keseliň döremegine daşky faktorlaryň zyýan ýetirmegi sebäp bolýar. Genetiki üýtgemeler bronhlaryň  we öýkeni goraýan mehanizmleriň zeperlenmegine, ol agzalaryň işiniň kadalaşdyryjy degna we endokrin ulgamynyň sazlaşykly işiniň bozulmagyna getirýändigini bellemelidir. Daşky faktorlara  bolsa öý allergenleri, ýagny öý tozany we haýwanlary, saçaky  ýaly mör-möjekler,  kömelekler mysal bolup bilýär. Şeýle-de dürli ösümlikleriň  tozanjyklary  allergiki  täsiriň sebäbi bolup biler. Meselem,  otlardan – bozagan, ambroziýa, tilkiguýruk;  güllerden – tozga, margaritkalar;  agaçlardan – dub, berýoza, sireniň tozgajyklary demgysmanyň sebäbi bolup biler.

Önümçilikde duş gelýän himiki  organiki maddalardan hem allergiýa döräp, hünärmençilik bronhial demgysmanyň ýüze çykmagyna sebäp bolup bilýär. Azyk allergenleri hem möhüm orny eýeleýär. Olary derrew anyklamak hem kyn bolýar. Sebäbi iýmit kabul edilenden soň, allergiki täsiri ençeme wagtdan soň döreýär. Azyk allergenlerine  bal,  sitrus  miweleri, deňiz önümleri,  sygyr süýdüniň we ýumurtganyň belogy degişlidir.

Allergiki duýgurlygyň ýene bir görnüşi derman serişdeleridir. Köplenç, allergiýa täsiri antibiotiklere, ferment serişdelerine, asetilsalisil turşulygyna (aspirin demgysmasy)  ýüze çykýandyr.

Keseliň alamatlary  tutgaýly  üsgürme,  burundan   köp mukdarda  suwuklyk görnüşli bölünip çykmalar we asgyrmalar bilen başlanýar.  Onuň  tutgaýy  näsagda  gysga dem alma, bronhlaryň gysylmagy netijesinde bolsa demi goýbermek  kyn bolýar.  Her dem alyp, goýberme  daşda eşidilýän hyşşyldy bilen utgaşýar.  Astmanyň tutgaýy dem alyş ýollaryndan  şepbeşik gakylygyň çykmasy bilen gutarýar. Uzaga çekýän agyr tutgaýlar, keseliň agyr gaýraüzülmesi bolan, astmatiki ýagdaýyna getirýär. Astmatiki ýagdaýda geçirilýän bejergä täsir peselip, üsgürme netijesinde goýy gakylygyň bölünip çykmagy ýüze çykmaýar.  Öýkeniň aşaky böleginde howasyz bölekler döräp, diňlenilende dem alyş sesleri ol ýerde eşidilmeýär. Bedeniň kislorod bilen  üpjün edilmezligi, dokumalarda we agzalarda kömürturşy gazynyň ýygnanmagyna, olaryň işiniň bozulmagyna getirýär. Uzak wagt dowam edip, anatomikiüýtgemelere getirýän bronhial astma dürli başga gaýraüzülmeleri hem ýüze çykaryp biler.  Öýkeniň emfizemasy (çendenaşa howaly bolup, öýkeniň çişmesi), öýken, öýken-ýürek ýetmezçiligi, ýokançly bronhit şol ýagdaýlara degişlidir.  

Keseliň bejergisi toparlara bölünip, birnäçe görnüşde geçirilýär. Mysal üçin,  „Allergiki immun bejergi“  –  keseliň allergiki gelip çykyşyna täsir edýän bejergi usulydyr. Ol 5 ýaşdan 50 ýaş aralygy näsaglarda ulanylýar.  Ýörite taýynlanan allergenler belli bir wagt aralygynda deriniň aşagyna goýberilýär. Olaryň mukdary kem-kemden ýokarlanyp, bedeniň oňa bolan durnuklylygyny gazandyrýar. Bejerginiň dowamlylygy 3 aýdan az bolmaly däldir.  Birbada  arasy  30 minutdan az  bolmadyk  wagtda, 3-den köp bolmadyk allergeni ulanmaga ýol berilýär. Soňky ýyllarda allergeni burna damdyrmak ýa-da dilliň aşagyna goýmak ýoly bilen hem goýberilýär. Allergenler hökmünde gistagiobinleri hem ulanýarlar. Beýleki bejergiler hem keseliň her bir  alamatlaryna  aýratyn peýda edip, olary öz wagtynda almak maslahat berilýär.

Doly geçirilen bejergi keseliň alamatlaryny aradan aýryp  biler. Näsag  yzygiderlikde lukman tarapyndan kadaly gözegçilik  bolmaly.  Şeýle-de sagdyn durmuş ýörelgelerine  eýermegi  doly ýola goýmaly. Wagtynda geçirilen bejergi keselden gutulmaga kömek eder.

Iskender HUSEÝINOW,
Lebap welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň pulmonologiýa bölüminiň bölüm müdiri.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu