Ýaşaýyş, dünýä bilen gözler arkaly tanyşýarys. Lowurdap duran kesgit gözler, gerek bolsa, sagdyn ýaşaýyşyň esasy sütünleriniň biri. Şol bir wagtyň özünde-de, gözlerimiz iň näzik synalarymyzyň hatarynda. Eýsem, göz keselleriniň nähili öňüni almaly, olary nähili anyklamaly we bejermeli?
lkinji nobatda göz keselleriniň görnüşleriniň örän köpdügini aýtmak gerek. Bu keselleriň käbiri dogabitdi emele gelse, käbiri çagalykda, käbiri mekdeplik ýyllarynda, käbiri soňra ýüze çykýar. Käbir keseller gözüň daşky böleginde daşky täsirler zerarly dörese, käbirine damardaky ganyň düzümi täsirini ýetirýär. Hatda synanyň islendik ýerindäki sowuklama, gaýmorit, dişleriň çüýremegi, bedene gurçuk düşmegi, ganazlyk, güýçli ýa-da pes gan basyşy ýaly keseller hem göze täsirini ýetirip bilýär. Munuň üçin lukmanlar tarapyndan hemişe berilýän maslahata eýerip, ýylda iki, iň bolmanda, ýylda bir gezek doly lukmançylyk barlagyndan geçmek. Munuň üçin diňe bir iri şäherlerdäki merkezlerde däl, eýsem, oba saglyk öýlerinde-de ähli mümkinçilikler bar.
Elbetde,özümizden, soňra-da çagalarymyzdan tehnologiýalar bilen işleşilende arakesmeler örän möhüm. Onda-da nähili arakesme. Şol arakesmäni bihuda geçirmän, hem gözüňe dynç bermeli, hem-de göz maşklaryny etmeli. Göz maşklaryny ýygy-ýygydan etseň has peýdaly. Olary etmek üçin gözüň ýadaryna ýa-da agyraryna garaşyp oturasy iş ýok. Günden, kompýuter şöhlesinden goraýan äýnekler ilkinji nobatda gerek.
Göz sagdyn wagtynda-da damdyraýmaly käbir damjalar bar. Lukmanyň maslahaty bilen şolardan alyp, agşam ýatylmanka, göze damdyrmaly. Sebäbi tehnologik täsiriň netijesinde göz guraklaşýar. Diýýän damjalarymyzyň düzümi bolsa gözýaşyň düzümine ýakyn. Hatda, her gün üç wagtynda iki damjadan damdyrmak has peýdaly bolardy. Onsoň hem wagtynda ýatmak we ýeterlik uky almak hem gözüň gigienasy üçin zerur.
Umida ŞARIPOWA,
Lebap welaýatynyň Darganata etrap hassahanasynyň göz lukmany.