«Gazeta.ru»-nyň habar bermegine görä, Miçigan döwlet uniwersitetiniň alymlary ýüz gözelligimiziň idegi üçin kosmetikalarymyzda ülje şänigini peýdalanmagynyň täze usulyny tapdylar. Ülje şäniginiň ekstraktynyň garramagy haýallatmaga we deriniň saglygyny gowulaşdyrmaga ukyplydygy ýüze çykaryldy.
Ülje azyk senagatynda şireleri, turşy erginleri üçin ulanylýar. Üljäniň şänigi ýaly galyndy önümleriň hemmesi diýen ýaly ýakylýar ýa-da zyňylýar. Aslynda bu ýagdaý topragyň, suwuň hem-de howanyň hapalanmagyna sebäp bolýar. Alymlar bu barada pikirlenip bu galyndylary peýdalanmaga synanyşdylar. Üljäniň şänigi arassalanyp peçde guradylyp, toz şekiline getirildi. Soňra alymlar erginden ýa-da gury garyndydan käbir maddalary döretdi.
Alnan ekstraktyň antioksidantlara we polifenollara baýdygy anyklandy. Antioksidantlar bedende oksidlendiriji proseslere garşy göreşýän molekulalardyr. Olar garrylygy çaltlaşdyrýan erkin radikallar tarapyndan zeper ýeten molekulalary dikeldýärler. Oksidlendirijji stres daşky gurşawyň hapalanmagy we ultramelewşe şöhleleriniň uzak wagtlap täsir etmegi sebäpli döräp biler.
Polifenollaryň antioksidant häsiýetleri hem bar. Mundan başga-da, olar çişi aýyrmaga ukyplydyr.
Alymlar ýüz üçin ýapgylaryň düzüminde şeýle ekstraktyň ulanylmagynyň dermatologiki keselleriň, ir garramagyň, psoriazyň we hatda rak keseliniň öňüni alyp biljekdigini bellediler.
Bägul MERDANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.