Bu ýadawlygyň, içgysgynçlygyň ýa-da ukynyň alamaty hasaplanylýar. Pallamak gödek yşarat hasaplansa-da, onuň adamlaryň saglygy üçin peýdalydygy subut edildi.
Pallamak beýnini sowatmaga kömek edýär. Sowuk howany kabul etmäge mümkinçilik berýär we şeýlelik bilen beýnimiz amatly temperatura gaýdyp gelýär.
Pallamak gulagyň, ýüz myşsalaryň we pektoral muskullaryň (torak) uzalmagyna kömek edýär. Şeýlelik bilen, dynç alýarsyňyz we bedene kislorod kabul edişini artdyrýarsyňyz.
Pallanandan soňra gözlerimiz ýaşarýar. Göz ýaşlary hem gözüň ýagyny, hem-de aýdyň görüşi sazlaýar.
Pallamak beýniniň konsentrasiýasyny we funksiýalaryny gowulandyrýar.
Köplenç, ýanymyzdaky biri pallasa, özümizem biygtyýar pallanymyzy bilmän galýarys. Diňe başgalaryň pallanyny görenimizde däl, eýsem, beýleki adamlaryň pallaýan wideolaryny ýa-da suratlaryny görenimizde hem pallanýandygy ylmy taýdan subut edilen hakykat. Onuň näme üçin beýle çalt ýokuşýandygy hakynda pikir edip gördüňizmi?!
Pallamak barada geçirilen ilkinji gözleg netijelerine görä, ol bedene kislorod ýetmezçiliginiň öwezini dolmaga ýardam edýändir diýlip düşünilýärdi. Wagtyň geçmegi bilen, Nýu-Ýork döwlet politehniki uniwersitetiniň biology Endrýu Gelläp bu düşünjäni ret edýän subutnamalary ýüze çykardy. Çünki eger şeýle bolaýanda, daglyk ýerde ýaşaýanlar ýa-da howa azlyk edýän ýerlerdäki kosmonawtlardyr uçarmanlar howa ýetmezçiligi zerarly diňe pallap gezerdiler.
Endrýu Gellabyň geçiren barlaglaryna görä, pallamagyň bedeni kislorodlaşdyrmaga däl-de, diňe beýnä täsir edýändigi anyklanyldy. Netijede, pallamak beýniniň temperaturasyny sowadýan eken. Bu ýagdaýyň nähili döreýändigi doly belli däl, ýöne pallamak diňe bir adamlarda däl, eýsem, beýleki ähli janly-jandarlarda-da duş gelýär.
Aýjan HEMRAÝEW,
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki Tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.