Lukmanlar gülkiniň tebigatyna we täsirine bireýýämden bäri gözegçilik edip gelýärler. Halkyň arasynda «15 sekunt gülki 5 minut ömrüňi uzaldýar» diýen ýaly gürrüňler ýöne ýere däl ahyryn. Emma gülkiniň gutarnykly peýdasyny görkezýän takyk hasaplamalary heniz hiç kim geçirmedi, ýöne alymlar her niçik-de bolsa, örän gyzykly we peýdaly käbir gözegçiligi geçirdiler.
Haçan-da adam deň iki epilip, örän gaty we jak-jaklap gülende, gülýäniň bedeni bir sagat gülküden azyndan ýarym kilogram horlanýar. Ýöne belläp geçmeli zatlaryň biri, adam azyndan bir sagatlap üznüksiz gülüp bilýär. Emma 10-15 minutlyk gülki hem ortaça plitka şokoladyňka barabar koloriýany köýdürmek üçin ýeterlikdir. Şeýle hem Wanderbilta uniwersitetiniň alymlarynyň barlaglaryna görä, günüň dowamynda 15 minut gülýän adam ýylda iki kilogram ýagyny köýdürýärler.
Gülki demgysmany we bronhiti bejermekde kömek edýär, ýagny gülýän wagtyň öýkenden sagatda 100 km tizlik bilen çykýan howa nemli bardalarda toplanan bronhlary çykarýar we dem alşy ýeňilleşdirýär.
Gülki döredijilik ukybyny we dürli meseleleri çözmek başarnygyňy artdyrýar. Ol beýniniň çep we sag ýarym togalagyny birikdirip, limb ulgamyny işjeňleşdirýär. Adaty ýylgyryşda ýüzde 17 muskul işleýär, ýüzümizi çytmak üçin biz 43 myşsamyzy herekete getirýäris.
Angliýaly filosof we lukman Uilýam Osler gülkini durmuşyň sazy hasaplapdyr we günde azynda 10 minut töweregi gülmegi maslahat beripdir. Eger-de adam gije-gündiziň dowamynda 17 minut çemesi gülse, ol azyndan bir ýyl ömrüni uzaldýar.
Wäşi adamlar agras we salykatly adamlara garanyňda akylly ýaly bolup görünýärler. Wäşilik duýgusy aýallara garanyňda, erkeklere mahsus hasaplanylýar.
Alty ýaşyndaky çaga günde çen bilen 300 gezek gülýän bolsa, munuň tersine ulular gije-gündiziň dowamynda ortaça, diňe 15 gezek gülýärler.
Owadan SEÝTINÝAZOWA,
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki Tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.