Sagdyn durmuşSlider

Adaty däl lukmançylyk

25-10-2023 / 16

Saglygy dikeldiş we adaty däl lukmançylygy – lukmançylykda gadymy ugur bolup, onda keselleri anyklamakda we bejermekde häzirki zaman gündogar lukmançylygynyň we adaty däl lukmançylyk ulgamlarynyň usullary utgaşýar.

Dünýäniň köp ýurtlarynda häzirki zaman lukmançylygynda dürli keselleri we şikesleri bejermekde, dikeldiş çäreleri wajyp orun tutýar. Dikeldiş meselelerini çözmekde şol ugurdan ýörite lukmançylyk edaralarynyň, dikeldiş merkezleriniň gerekdigi wajypdyr. Adatça, ol merkezlerde dikeldiş çärelerini geçirmekde dermansyz bejerginiň dürli görnüşleri – tebigy we emeli fiziki serişdeler giňden ulanylýar. Dikeldiş we dermansyz – şol sanda adaty däl bejeriş usullaryny ösdürmek we kämilleşdirmek üçin Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde 2014-nji okuw ýylynda “Saglygy dikeldiş we adaty däl lukmançylygy” hünäri girizildi.

Hytaý (gündogar) halk lukmançylygynda ulanylýan usullaryň arasynda iňňerefleksobejeriş aýratyn orun tutýar we giňden ulanylýar. Ol özüniň başlangyjyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar we onuň Watany Hytaýdyr.

Iňňerefleksobejeriş usul lukmançylygyň düýbüni tutujylar – Aristotelden, Gippokratdan, Galenden, Awisennadan hem köp asyrlar öň döräpdir we kämilleşip biziň günlerimize gelip ýetipdir. Ony ulanmak dünýäde has-da giňelýär. Agyryly we hereket bozulmaly alamatly çetki nerw ulgamynyň kesellerinde (radikulitlerde, newralgiýalarda, newritlerde), allergiki kesellerde has amatly netijeler gazanylýar. Merkezi nerw ulgamynyň dürli patologiki alamatly funksional kesellerinde, wegetatiw-endokrin bozulmalarda, wegetatiw nerw ulgamynyň gan-damar, trofiki, sekretor we endokrin bozulmaly kesellerinde iňňerefleksobejeriş üstünlikli ulanylýar. Bu usul aşgazanyň baş keselinde, içegäniň, öt çykaryjy ýollarynyň diskineziýasynda, gastritlerde täsirlidir.

Iňňerefleksobejeriş agyrysyzlandyryş usul görnüşde anesteziologlaryň we hirurglaryň ünsüni çekýär. Şeýlelikde, lukmanlaryň aglaba böleginiň, aýratyn hem amaly lukmanlaryň bu iň gadymy usula ýyl-ýyldan ünsüniň artmagy ilki başda dürli kesellerde iňňerefleksobejerginiň ýokary netijeliligi, aýratynam dürli gelip çykyşly agyry alamatlara garşy göreşmekde ýokary netijeliligi bilen şertlenen.

Iňňerefleksobejeriş usulyň uly artykmaçlygy şeýle-de köp bejeriş usullara mahsus islenilmedik otrisatel reaksiýalaryň bolmazlygy, bedeniň üýtgän reaktiwligine kadalaşdyryjy täsir ukyby bilen düşündürülýär. Iňňerefleksobejerişden başga-da adaty däl lukmançylykda dürli usullar ulanylýar.

Ýakmak (szýu) akupunktura nokatlara ýylylyk bilen täsir etmäge esaslanan bejeriş usuldyr. Gadym zamanlardan bäri iňňerefleksobejeriş ýakmak bilen utgaşdyrylyp ulanylýar we bir-biriniň täsirini güýçlendirýär. Iňňerefleksobejerginiň netijesizliginde ýakmak ulanylýar.

Manual terapiýa – bu oňurgalykda, bogunlarda, baglaýjy ulgamda keseller ýa-da patologiki üýtgeşmeler sebäpli döreýän newrologiki, ortopediki, wisseral we başga bozulmalaryň korreksiýasyna gönükdirilen el bilen anyklaýyş we bejeriş usullary ulgamy diýip düşündürilýär.

Nokatlaýyn owkalama – deriniň çäklenen zolagyna (refleksogen zolaga) täsir edip, belli bir organa ýa-da ulgama täsir edilýär. Nokatlaýyn owkalama we barmak bilen basmak (akupressura) diňe bir deriniň refleksogen zolagyna täsir etmän, ýakyndaky dokumalara (deri asty gatlaga, myşsalara, süňküsti, nerwlere, gan we limfa damarlaryna) täsir edýär. Olara näçe täsiri güýçli bolsa, şonça-da merkezi nerw ulgamyna impuls köp barýar we reaksiýa şonça-da güýçli bolýar.

Gazanylan oňyn netijeleri berkitmek üçin nokatlaýyn owkalamany we akupressurany umumy (bejeriş) owkalamasy we fiziki maşklar bilen utgaşdyrmaly.

Fitoterapiýa – bu dürli agyrlyk derejeli dürli keselleri ösümlik gelip çykyşly derman serişdeleri bilen bejeriş usuldyr. Hytaý lukmançylygynda gadym zamanlardan bäri fitoterapiýanyň giňden ulanylşy ýaly, biziň ýurdumyzda hem Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jilitlik kitaplarynyň esasynda bu gadymy tebigy bejeriş usuly ulanmak arkaly bejeriş-öňüni alyş edaralarda, şypahanalarda giňden ýola goýuldy.

Şöhle JUMAÝEWA,
Türkmenabadyn lukmancylyk orta okuw mekdebiniñ mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu