Hakykatdan-da, her damjasyny müň saglyga barabar düýe süýdi we ondan taýýarlanylan önümler ynsan saglygyna örän ähmiýetlidir. Könelerimiziň «Düýe malym — dünýe malym» diýlip aýdylan nakyl hem ýöne ýere aýdylan däldir. Çünki düýäniň süýdi, çaly hem-de ýüňi bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr.
Özüne mahsus ysy we tagamy bilen tapawutlanýan düýe çalyny we agaranyny içýän adamlaryň arasynda 80-90 ýaşdan geçýändigini ýörite hünärmenler belleýärler. Ýedi hazynanyň biri bolan bu jandaryň süýdi, çaly, agarany düzüminde kesel dörediji mikroorganizmleriň, çüýrediji bakteriýalaryň ösüşini togtadýan kömür we süýt turşularyny saklaýar. Ata-babalarymyz ýagly naharlary iýenden soň düýe çalyny içmegi endige öwrüpdirler. Çünki ol iýmitiň, ýaglaryň çalt özleşmegini üpjün edýär.
Düýe süýdi adam saglygyna örän peýdaly bolup, düzüminde birnäçe ýokumlary saklaýar. Düýe süýdünde C witamini 3-5 esse köp saklanyp, ol ýokumlaryň baý çeşmesi bolup durýar. Şol sebäpden, ol beýleki süýt we süýt önümlerinden C ýokumlara baýlygy bilen tapawutlanýar. Onuň esasy aýratynlygy bolsa çaly taýýarlananda düzümindäki C we A ýokumlary hiç hili üýtgemeýär. B ýokumlar toplumy bolsa tersine iki esse artýar. Onuň her litrinde askorbin turşusynyň köp mukdary saklanylýar. Düýe çaly bedeniň immunitetini galdyryp, köp keselleriň öňüni alýar. Düýe süýdünden taýýarlanan önümleri yzygiderli içýän adama aňsat-aňsat kesel gelmeýär.
Her damjasy müň saglyk bolan düýe süýdi alymlaryň tassyklamagyna görä, birnäçe aýratynlyklara eýedir. Çagalarda we uly adamlarda süýde allergiýanyň esasy sebäpkäri bolan β-laktoglobulin düýe süýdünde örän ujypsyz mukdarda saklanýar. Şol sebäpli düýe süýdi allergiýaly adamlarda hiç hili allergiki täsirleşme ýüze çykarmaýar. Ondaky syworotka belogynyň düzümindäki laktoferriniň we immunoglobulinleriň ähmiýeti has ýokarydyr. Laktoferriniň ýogyn içegedäki howply täze döremeleriň öýjükleriniň ösüşini haýallatmaga ukybynyň barlygy anyklanyldy. Şeýle hem düýe süýdüniň immunoglobulinleri adamyň immunoglobulinlerinden 10 esse kiçi bolup, dokumalaryň içine aralaşmaga ukybyna eýedirler. Bu bolsa inçekeseli bejermekde oňaýly netijäni berýär. Düýe süýdünde Zn, Fe, Cu we Mn ýaly mikroelementler sygyr süýdündäkiden köp saklanýar. Şeýle hem kalsiniň fosfora bolan gatnaşygynyň has ýokary bolmagy çaga iýmitini öndürmekde düýe süýdüniň sygyr süýdüne derek has peýdaly oruntutujy bolmagyna mümkinçilik berýär.
Düýe çalyndaky C ýokumy ödüň bölünip çykmagyny güýçlendirýär. Düzümindäki ýod bolsa çişleriň çalt gaýtmagyna, ýaralaryň tiz bitmegine ýardam edýär. Düýe çaly ýürek damarlarynyň, iýmit siňdiriş agzalarynyň işini kadalaşdyryp, ganda gemoglobiniň mukdaryny artdyrmak bilen bedeniň immunitetini berkidýär. Böwrek, degna kesellerinde, ysgynsyzlykda, anemiýada düýe çalyny içmegi maslahat berýärler.
Röwşen ALLABERDIÝEW,
Lebap welaýatynyň Darganata etrap hassahanasynyň hirurg lukmany.