Immun ulgamyňyzdan içege saglygyňyza çenli kefiriň peýdaly täsirlerini size ýetirýäris. Kefir –ilkinji gezek türkler tarapyndan öndürilen süýt içgisidir.
Iýmitleniş we berhiz hünärmeni Özge Güneş, bir bulgurda ortaça 100 kaloriýa bolan kefiriň düzüminde belok, kalsiý, fosfor, magniý, selen, A, E, B12 witaminleri we içegäniň ösümlik dünýäsini kadalaşdyrýan birnäçe peýdaly mikroorganizmleriň bardygyny aýdýar. Ýöne belli bir zyýany bolmasa-da, düzüminde mikroorganizmler hem bardyr. Kefiri 2 ýaşdan öň içmezlik peýdalydyr. 2 ýaşdan soňra bolsa çagalar her gün 1 bulgur kefir içip bilerler.
Immuniteti güýçlendirýär – içindäki beta karotin immunitet ulgamyny güýçlendirip, bedendäki zäherli maddalaryň köpelmegini togtadýar. Immunitetini gowşadýan mikroorganizmleri ýok edýär.
Aşgazan ýarasynyň öňüni almakda-da täsirli. Aşgazan ýarasynyň döremegine sebäp bolýan «helikobakter pylori» atly bakteriýalary ýok etmäge kömek edýär. Şeýle hem, antibiotik täsiri bilen aşgazan ýaralarynyň öňüni almakda we ony bejermekde goldaw beriji häsiýete eýe.
Iýmit siňdirişini ýeňilleşdirýär. Peýdaly mikroorganizmler içegede zyýanly mikroorganizmleriň döremeginiň we köpelmeginiň öňüni alyp, içegäniň ösümlik dünýäsini kadalaşdyrýar. Iýmit maddalarynyň siňmegine goşant goşýar. Içegelerdäki bu mikroorganizmleriň deňagramlylygy bozulanda içgeçme, iç gatamagy we malabsorbsiýa ýüze çykyp biler. Kefir bu deňagramlylygy öz içine alýan tebigy mikroorganizmler bilen üpjün edýär.
Süňkleri güýçlendirýär. Süňkleriň ýokary kalsiý mukdary bilen ösmegine kömek edýän kefir, ösüp gelýän çagalaryň we garrylygyň artýan kalsiý zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin iň täsirli çeşmelerden biridir. Beden iýmitden zerur kalsiý alyp bilmese, süňklerden zerur kalsiý alýar, bu süňkleriň ýumşamagyna, döwülmegine we dişleriň düşmegine sebäp bolup biler.
Depressiýadan goraýar. Kefir, triptofan aminokislotasy we B witamini bilen nerwleri köşeşdiriji täsir edýän we depressiýany azaldýan gudratly içgidir. Gije rahat uky almaga kömek edýär.
Gülbahar ÖWEZOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 3-nji ýyl talyby.