Güýzde ikinji hasyl wagty bolan gyzyl burç, immuniteti goldaýan köp sanly peýdasy bolan witaminleriň möhüm çeşmeleriniň biridir. Gyzyl burç, esasan C we A witaminlerine baý bolup, onuň ýetirýän peýdasy juda köpdür.
Gyzyl burç, düwnük keselinden, aşgazan ýarasyndan, menopauza, ýürek-damar kesellerinden we süýji keselinden goraýar.
Ýokanç kesellere garşy göreşmekde we artrit agyrylary üçin hem diýseň peýdalydyr.
Deriniň garramagyna garşy täsirli.
Gyzyl burç neýrojeniki agyrylary we içegäniň çiş kesellerini aýyrmak üçin peýdalydyr. Onda aşgazan-içege bozulmalary üçin peýdaly bolan tanin bar. Şeýle-de, aşgazan ýarasynyň döremeginiň öňüni alýar.
Gyzyl burçdan tapylan tanin maddasynyň başga bir bioaktiw täsiri, dürli düwnük keseliniň öňüni alýar. Aýratynam öýken, bagyr we aşgazan düwnükleri üçin has peýdalydyr.
Koronar ýürek keselleriniň öňüni almakda hem peýdalydygy ýüze çykarylan.
Gyzyl burçuň bioaktiw komponentleri antioksidant täsirlere eýedir.
Gyzyl burç insulin öndürip, pes ganly glýukozany döredýär. Şonuň üçin 2-nji görnüşli süýji keseliniň we ýüze çykýan kynçylyklaryň öňüni alýar. Gyzyl burçuň gipoglikemiki peýdalary ýaşyl bolanda has täsirli bolýar.
Içindäki C witamini sebäpli immuniteti goldaýan bioaktiw fitohimiki maddalary öz içine alýar. C witamini immun ulgamyna hem täsir edýär.
Zeper ýeten beýni dokumalaryny bejermäge kömek edýär we oksidleýji stresleri peseldýär.
Köp kliniki synaglar, gyzyl burçuň öýjük dokumalaryna antioksidant täsiriniň bardygyny, derini iýmitlendirýändigini we garramagyň täsirini haýalladýandygyny görkezipdir.
Ýokarda sanalan maglumatlaryň ählisini göz öňünde tutup, iýmitiňize gyzyl burç goşmazdan ozal ulanýan dermanlaryňyz bilen bolup biläýjek täsirleri barada lukmanyňyz bilen maslahatlaşmagy ýatdan çykarmaň!
Maksat ÇÄJEKOW,
TOHI-niň Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby.