Sagdyn durmuşSlider

Beýnini berkitmek üçin näme etmeli?

01-10-2023 / 33

Ýönekeý usullar bilen beýniňizi we nerw ulgamyňyzy güýçlendirip bilersiňiz! Bilesigeliji beýni üçin saglyk diýseň möhümdir. Täze zatlary synap görmek we bilesigeliji gözler bilen dünýäni synlamak ünsüňizi açyk saklaýar. Bu ýagdaý akyl ýagdaýyňyz üçin amatlydyr. Esasanam ýatdan çykarmakdan, bulaşyklykdan ejir çekýän bolsaňyz, bu beýni maşklaryny gyssagly gündelik durmuşyňyza goşmak maslahat berilýär:

Oýunlar oýnamak. Sudoku ýaly san oýunlary pikirlenmäge, haýsydyr bir meseläni, soragy çözmegi talap edýän ownuk oýunlar ýa-da elektron oýunlar beýniňizi sazlamak üçin amatlydyr. Hünärmenler her gün 15 minutdan 30 minuda çenli oýun oýnamak ideal diýip hasaplaýarlar. Ýöne birnäçe sagatlap kompýuteriň öňünde oturyp oýun oýnamakdan saklanmak şerti bilen!

Pikirlenmek. Günüň dowamynda bary-ýogy 10 minut sarp etseňizem, pikirlenmek aňyňyzy arassalamaga we nerw ulgamyňyzy rahatlandyrmaga kömek edip biler. Oturyň, demiňizi dürsäň we bedeniňizi rahatlandyrjak boluň. Hiç zat etmezden ýa-da hiç zat hakda pikir etmän oturmak nerw ulgamyňyza «ähli zat gowy» habaryny ýetirer.

Beýniňizi iýmitler bilen iýmitlendiriň. Diňe garnyňyzy däl, janyňyzy we beýniňizi hem iýmitlendiriň. Sogan, balyk, hoz, zygyr we zeýtun ýagy ýaly iýmitler beýniniň saglygy üçin örän möhümdir. Iýmitiňize witaminlere we minerallara baý iýmitleri goşmak bilen beýniňizi güýçlendirip bilersiňiz.

Beden maşklaryny ýerine ýetiriň. Bedeniňiz bilen edýän her bir maşkyňyz beýniňiz üçin peýdaly maşk bolar. Beýni täze myşsa endiklerini öwrenip, deňagramlylygy saklamak üçin göreşýärkä ösýär we güýçlenýär. Yzygiderli maşk etmek beýniňiziň saglygy üçinem möhümdir.

Täze ussatlygy öwreniň. Hiç zat üçin giç däl! Täze ussatlygy öwrenmek üçin eden tagallalarymyz, beýnimiziň köp bölegini çekip, beýniniň ajaýyp maşklary bolup hyzmat edýär. Nahar bişirmek ýa-da täze gural çalmak bolsun, okuw ukybyňyzy höweslendirýän islendik bir iş beýniňiz üçin täzelik bolar.

Adalat ŞAMURZAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu