Sagdyn durmuşSlider

Sergin howa — sagdyn durmuş

07-09-2023 / 18

Saglyk diňe her bir adam üçin däl, eýsem, tutuş jemgyýet üçin uly gymmatlykdyr, çünki ol beden taýdan sagdynlygyň we güýç-kuwwatyň, zähmet hem-de döredijilik işjeňliginiň, umuman, abadan durmuşyň gözbaşydyr.

Bag ekmek arkaly ekologik abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen tagallalar raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek babatda-da örän ähmiýetlidir.

Maglumat hökmünde belläp geçsek, 1 gektar arça tokaýy bir gije-gündizde 30 kilogram çemesi fitonsid öndürýär. Pürli agaçly tokaýda şonuň üçin howa aňrybaş tämiz bolýar.

Tokaýlar Ýer togalagynyň ösümlik örtüginiň 82 göterimini tutýar. 1 gektar meýdandaky tokaý her ýyl 50-70 tonna möçberindäki tot-tozany özüne siňdirip, ornuna kislorod berýär. Uly ýollaryň ugruna gür ekilen agaçlar, tokaý toplumy sesi-güwwüldini birnäçe esse peseldýär. Orta ululykdaky bir agaç gije-gündizde 3 adama ýeterlik kislorody öndürip berýär.

Ynsanyň sagdyn we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ilkinji nobatda arassa howa zerur bolup durýar. Muny alymlaryň gür baglyga bürenen ýerlerde ýaşaýan adamlaryň agaçlaryň az ýerinde ýaşaýanlara garanyňda, immun ulgamynyň has güýçli bolýandygy, özüni ruhubelent duýýandygy hem-de şu arkaly has az syrkawlaýandygy baradaky kesgitlemeleri hem tassyklaýar. Şu nukdaýnazardan seredenimizde, her ýyl geçirilýän ýazky we güýzki ählihalk bag ekmek dabaralarynyň döwletimiz tarapyndan amal edilýän dünýä nusgalyk işlerdigi aýdyň ýüze çykýar.

Maýsa ARAZMEDOWA,
Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu