
Her gök önümiň we miwäniň öz möwsüminde iýilmelidigini ählimiz bilýäris. Ine, şu aýyň iň sagdyn gök önümleri we miweleri …
Garpyz – suw zerurlyklaryny kanagatlandyryp bilýän miweleriň biri bolup, ol ýürek-damar keselleri üçin diýseň peýdalydyr.
Injir – kalsiý baý miwe bolup, içege üçin hem peýdalydyr. Antioksidant häsiýetleri bilen hem tanalýan injiri şu aýda iýmek has peýdalydyr.
Üzüm – holesteriniň deňagramlylygy, antioksidant häsiýetleri we başga-da köp peýdalary bilen hem tanalýandyr.
Noýba – sentýabr aýynda iýilmeli iň möhüm gök önümleriň biridir. Işdäaçarlardan iýmitlere çenli noýbany köp usulda ulanyp bilersiňiz. Belok çeşmesi hökmünde bilinýän noýbany aýyň dowamynda iýip bilersiňiz.
Kömelek – beloklaryň uly çeşmesidir. Aslynda, kömelek gyzyl etden has köp belok berýär. Aýyň dowamynda naharlaryňyza köpräk kömelek goşmagy ýatdan çykarmaň.
Baklajan – düzümindäki C we K witaminleri bilen örän gymmatlydyr. Ýürek saglygyna goşant goşmak we ganazlyga garşy göreş onuň iň möhüm aýratynlyklarynyň biridigine garamazdan, sentýabrda ony iýmek meselesinde-de has mantykly.
Kümiş GURBANBAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň Agrohimiýa we topragy öwreniş hünäriniň 3-nji ýyl talyby.