
Käşir halk lukmançylygynda dürli dertlere derman hökmünde iň köp ulanylan bakja önümidir. Şol sebäpden, ata-babalarymyz käşiriň köp dertlere derman bolýandygyny ýyllaryň dowamynda geçirip gören synaglary arkaly anyklap, ony irki döwürlerden bäri melleklerinde ýetişdirip gelipdirler.
Käşirde E, PP ýokumlary, B ýokumlary topary hem-de käbir mikroelementler: kaliý, kalsiý, magniý, natriý, fosfor, demir, ýod, kobalt, marganes, mis, ftor, sink köp mukdarda saklanýar.
Käşir nemli bardalaryň, deriniň ýagdaýyny hem gowlandyrýar. Ol bagyr, böwrek, aşgazan-içege, ýürek-damar kesellerinde, ganazlykda, poliartritde, mineral alyş-çalşyň bozulmalarynda syrkawyň saglygyny gysga wagtda dikeltmäge ýardam edýär.
Beden gurpdan düşende, immunitet peselende gyrgyçdan geçirip, gaýmak ýa-da ösümlik ýagy goşulan ter käşiriň 100 gramyny ajöze iýmeli ýa-da günde 4-5 gezek 50 ml käşir şiresine biraz bal goşup, nahardan öň içmeli.
Käşiriň şiresi A ýokumynyň iň baý çeşmesi bolup, beden tarapyndan has tiz özleşdirilýär. Şiresinde B, С, D, E ýokumlary käşiriň özündäkä seredeniňde köpdür. Ol işdäňi açýar, iýmitiň siňmegini ýeňilleşdirýär, dişleriň ýagdaýyny gowlandyrýar. Onuň şiresini bedeniň ýagdaýyna baglylykda günde ýarym litrden 1 litre çenli (çagalar 50-100 ml) mukdarda içmek mümkindir.
Bişen görnüşinde ulanmak üçin önümi 20-25 minutlap gaýnatmaly. Gabygy bilen gaýnadylanda onuň düzümindäki ýokumlaryň, mikroelementleriň aglabasy ýitirilmän saklanýar.
Bedende ýaglaryň emele gelmegini bökdemekde käşir kelemden soň ikinji orunda durýar. Käşir ylaýta-da horlanmak isleýän adamlar üçin peýdalydyr. Onuň 100 gramynda bary-ýogy 39 kkal saklanýar.
Güneşli Watanymyzyň sahawatly topragynda bol bitýän bu önümden her näçe köp peýdalanylsa, şonça-da saglyga peýdasy degýär. Şol sebäpden käşiri ýygy-ýygydan iýmek maslahat berilýär. Çünki tebigatyň bu ajaýyp önümi köp dertlere dermandyr.
Rahym ÝALKAPOW,
Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.