
Her ýylyň sentýabr aýynyň birinji hepdesinde ene süýdüniň milli hepdeligi bellenip geçilýär. Munuň özi eneleriň we çagalaryň saglygyny gazanmakdan ybaratdyr. Çünki ene süýdi bilen çagany iýmitlendirmek diňe bir çagany däl, eýsem, eneleri hem kesellerden goraýar.
Çaga dünýä inenden soň, tä kemala gelýänçä, maşgala lukmany enäniň çagany sagdyn terbiýelemek işlerinde ýakyn ynsana öwrülýär.
Ene süýdüni emdirmegiň möhüm ähmiýeti bar. Sebäbi ene süýdi çaganyň sagdyn ösüp ulalmagyna iň gowy şertleri döredýär. Çaganyň göwüsden emdirilmezligi enelere-de zyýanly täsir edýär. Olarda ganazlygyň, ýumurtgalyklaryň we süýt mäzleriniň howply çişleriniň döremek howpy ýokarlanýar. Şeýle-de ene süýdüni emdirmeklik böwrek keselleriniň döremegine eltýän peşew ýollarynyň ýokançlyklarynyň we gulakdaky ker bolmaklyga eltýän keselleriň döremek howpuny azaldýar. Şeýle-de allergiýa, dem gysma, süýji keselleriniň öňüni alýar.
Bäbegi ýokanç kesellerden goramak maksady bilen, meýilnama esasynda öňüni alyş sanjymlary geçirilýär. Çagany terbiýelemekde gerek bolan maddy üpjünçilik üçin enelere bäbegiň 3 ýaşy dolýança döwlet tarapyndan kömek pullary berilýär.
Ýurdumyzda amala aşyrylýan bu işler dünýä derejesinde geçirilýän Enäniň we çaganyň saglygyny goramak babatdaky konsepsiýa esasynda alnyp barylýar. Lukman Arkadagymyz bolsa bize ähli babatda beýik göreldäni görkezýär.
Eneleriň, çagalaryň saglygyny goramak biziň ählimiz üçin iň jana-jan borçdur. Bu gün Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynyň hünärmenleri hormatly Prezidentimiziň döredip beren giň mümkinçilikleriniň gurşawynda zähmet çekýär. Goý, bize şeýle mümkinçilikleri döredip berip, ynsan saglygyny ähli zatdan ileri görýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun, her tutumly işleri rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!
Leýla SEÝITMYRADOWA,
Lebap welaýat Bejeriş sagaldyş hassahanasynyň maşgala lukmany.