Sagdyn durmuşSlider

Kofe peýdalymy ýa zyýanly?

17-08-2023 / 31

Dünýä ýurtlarynda edil çaý ýaly, ýörgünlilik bilen içilýän kofe barada jedelli pikirler köp. Bu içginiň adama peýdalydygyny aýtýan lukmanlar öz pikirini onuň ruhubelentlik, şähdaçyk duýgularyny döredýänligini, energiýa berip, bedeni kuwwatlandyrýanlygyny, ýadawlygy aýyrýanlygyny nygtaýarlar. Eýsem, ýakymly ysly, üýtgeşik tagamly bu içgi adamyň saglygyna nähili täsir edýärkä?!

— Kofäniň sähelçe mukdary hem ýatkeşligiň gysga wagtlaýyn görnüşini gowulandyrmaga ukyplydyr. Her gün 2 käse kofe içýän bolsaňyz, onda gyssagly meseleleri çözýän wagtyňyz ýanyňyzda ýandepderçäňizi götermeseňizem bolar.

-Kofäni irden içmegiň peýdalydygyny ýeri gelende bellemeli. Adam bedeninde irden oňat dynç alyp turandan soň, içilen kofeniň täsiri uzak wagtlap saklanýar. Hatda kofein bedenden doly çykarylandan soň hem adenoziniň reseptorlarynyň hereketi 5-6 sagatlap bökdelýär.

— Kofe käbir dermanlar bilen özara täsir edişýär. Meselem, ol analginiň agry köşeşdiriji täsirini güýçlendirýär. Demir preparatlary kofe bilen bilelikde ulanylanda öňküsindenem kyn özleşýär.

— Kofe içenden soň 15 minut geçmänkä ýadawlyk, gowşaklyk alamatlary aýrylýar, pikirler durlanýar, puls ýygylaşýar, iýmit siňdiriş agzalary işjeňleşýär, aşgazan şiresi bölünip çykýar we işdä ýokarlanýar, maddalaryň alyş-çalşy çaltlaşyp, zäherli galyndylar endamdan daşary çykarylýar.

— Alymlar 2-3 çaşka kofeniň ikinji derejeli diabetiň güýçlenmek howpyny 60 göterim peselýändigini belleýärler. Kofe antioksidant täsirine eýe bolup, süzüji kagyz deterpinleri – ganyň düzümindäki şekere täsir edýän molekulalary geçirmän saklaýar.

— Kofe bagyr sirrozyndan goraýar. Kaliforniýaly lukmanlaryň hasaplamalaryna görä, günde 1-3 käse kofe içýän adamlarda sirroza duçar bolamak howpy 40 göterime çenli azalýar.

— Kofeni köp mukdarda yzygiderli ulanylanda bolsa, ýüregiň we degna ulgamynyň işi, uky bozulma, gulakda we kellede şaňňyldy döreýär. Beden suwsuzlanýar, endama siňmän daşary çykarylýanlygy üçin, kalsiý elementiniň ýetmezçiligi ýüze çykýar. Adamy gereginden artyk iýmäge mejbur edýän grelin bölünip çykýar.

Babamyrat TÖLEGOW,
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy, Ilkinji partiýa guramasynyň başlygy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu