
Gawun – tomus möwsüminde iýilmegi maslahat berilýän önümleriň biridir. Adamyň umumy ösüşinde, onuň dogry iýmitlenmeginde gawunyň bitirýän işi az däl. Onuň özboluşly bejerijilik häsiýetleri bardyr. Geliň, gawunyň düzümindäki witaminler bilen tanyş bolalyň.
Foliý turşulygy ýa-da B9, A witamini, P witamini, C witamini, beta-karotin gawunyň düzümine girýän witaminlerdir.
B9 (foliý turşulygy) gawunyň düzümindäki iň gymmatly witamindir. B9 önüm bişirilende, ýitýär. Gawuny bolsa biz terligine, sowuklygyna iýýäris. Bu süýji miwedäki B9 witamini bolsa öz gymmatyny ýitirmeýär. Ýatkeşligi has gowulandyrmak, ruhy çökgünlik ýagdaýyndan çykmak üçin hem gawun iýmek peýdaly.
Gawunyň düzümindäki C witamini adam bedenini sowukda dürli kesellerden goraýar, olaryň öňüni alýar. Gawuny köpräk iýsek, C witamini bizi ýylyň dowamynda gorar. Beta-karotin maddasy bolsa, deriniň we saçlaryň sagdyn, owadan bolmagyna ýardam berer.
Gawun etinde A witamini köp. Şol sebäpli ol kosmetologiýada giňden ulanylýar. Gawun etinden dürli kosmetiki ýapgylar hem taýýarlanylýar. Olar derini has ýumşak, dodaklary ter edýärler, gözlere we saçlara öwüşgin çaýýarlar. Owunjak dogralan gawun etini bir ýarym aýyň dowamynda ýüzüňize ýapgy etseňiz, ýüzüňiziň reňki gowulaşar.
Gawundaky witaminler siziň bedeniňiziň kesellere durnuklylygyny berkider we sowuk, çygly howada size ýardam berer.
Gawunyň eti kremniý maddasyna baýdyr. Adam bedeniniň dokumalaryna, derisine, nerw süýümlerine, saça kremniý zerurdyr. Gawunda demir hem köpdir. Ganazlykda onuň ähmiýeti uludyr. Ýürek-damar kesellerinde gawundaky kaliý we magniý örän peýdalydyr. Öt haltada, peşew ýollarynda daş bar bolsa, gawun iýmek örän peýdalydyr.
Köp mukdarda saklanylýan ösümlik süýümleri – gawunyň düzümindäki peýdaly maddalaryň esasylarynyň biridir. Häzirkizaman lukmançylygynda ol, köplenç, bedeni we içegeleri arassalamak üçin ulanylýar.
Gawunyň 100 gramynda 30-38 kkal energiýa bardyr. Olaryň sany gawunyň hiline, görnüşine bagly bolýar. Gawunyň kaloriýalarynyň az bolanlygy sebäpli, horlanmak üçin berhiz saklananda iýmek maslahat berilýär. Muňa garamazdan, gawunyň bir özüni üç günden artyk iýmek maslahat berilmeýär.
Gawunyň kakadylan görnüşiniň hem peýdasy az däl. Kak bilen içilen çaýyň lezzeti üýtgeşik ýakymly bolýar. Kakadylanda, gawunyň düzümindäki witaminleriň we mikroelementleriň ählisi diýen ýaly saklanyp galýar. Kak hem gawun ýaly suwsuzlygy gandyrýar we bedeni zyýanly maddalardan arassalaýar.
Ine, gawunyň peýdaly taraplarynyň käbirisi bilen tanyş bolduňyz. Inçeden yzarlasak, onuň umumy ähmiýetini sanasaň sogaply. Gawunyň diňe özi däl-de, hatda ysy hem jana lezzet berýär. Gawunyň gadymdan ýetişdirilip gelinýän dürli görnüşleriniň bardygy bize mälim. Emma onuň iň gowulary biziň ülkämizde bitýär diýsek, öte geçdigimiz bolmaz.
Gawun iýiň, lezzet alyň!
Myrat ÖWEZOW,
Lebap welaýat Onkologiýa hassahanasynyň onkohirurg lukmany.