
Gün şöhlesi bedeniň gorag ulgamyny (immunitetini) pugtalandyrýar, gan aýlanyşyny gowulandyrýar, beden öýjüklerinde süňkler we dişler üçin peýdaly D witamininiň işlenilip çykarylmagyna itergi berýär. Şeýle-de bolsa, howanyň juda gyzýan wagtynda Günüň astynda durmagyň saglyga uly zyýan ýetirip biljekdigini hem unutmaly däldiris. Sebäbi Günüň ultramelewşe şöhlesi peýdaly bolsa-da, infragyzyl şöhlesi deriniň ýanmagyna, hatda onda howply täze döremeleriň emele gelmegine-de getirip bilýär. Munuň öňüni almak üçin käbir düzgünleri berjaý etmek maslahat berilýär:
Tomusda irden sagat 9-dan soň, öýlän sagat 18-e çenli Günüň aşagynda köp durmak maslahat berilmeýär.
Yssyda açyk reňkli, nah matadan tikilen ýeňil we giň biçüwli eşikleri geýmeli. Şeýle geýimler Gün şöhlesinden goraýar, deriniň oňat «dem almagyna» päsgel bermeýär.
Guşak guşanmasaň, kemer dakynmasaň gowy, olar hereketiňi gowuşgynsyzlandyrýar, dem almagy kynlaşdyrýar.
Tomusda kelläňe açyk reňkli başgap geýmeli.
Açyk Günüň aşagyna çykanyňda äýnek dakynmak, saýawan götermek hemmelere maslahat berilýär.
Käbir gözellik serişdeleriniň (losýonlar, süýtjagazlar, kremler), hoşboýlyklaryň (atyrlar, dezodorantlar) düzüminde Gün şöhlesiniň täsiri astynda deride menekli tegmilleriň döremegine itergi berip bilýän efir ýaglary saklanýar. Şoňa görä, tomusda gözellik serişdelerini, atyrlary kosmetolog bilen maslahatlaşyp ulanmaly.
Tomusda Günüň zyýanly täsirinden goraýan C witaminine, PP witaminine baý önümleri köpräk iýmeli.
Günüň dowamynda ulanylýan suwuklygyň (kompot, mineral suwlar, gatyk, çal, aýran, miwe we gök önüm şireleri) mukdary 2 litrden az bolmaly däldir.
Tomusda derman serişdelerini, dermanlyk ösümlikleriniň melhemliklerini lukman bilen maslahatlaşyp ulanmaly. Käbir dermanlar we dermanlyk ösümlikler, meselem, sarygül deriniň Gün şöhlesine duýgurlygyny ýokarlandyrýar.
GÜNURMADA ILKINJI KÖMEK
Günurma hadysasy ýüze çykanda ilkinji nobatda «Tiz kömek» gullugyna jaň etmeli.
Ejir çeken adamy kölegeli ýere ýa-da salkyn jaýa geçirmeli.
Kemerini, köýneginiň iliklerini ýazdyrmaly. Mümkin bolsa eşiklerini çalyşmaly.
Günurma duçar bolan syrkawyň goltuklarynyň aşagyna, boýun, döş kapasasy, gasyk töweregine sowuk suwa öllenen mata bölejigini goýmaly.
Eger näsagyň ýagdaýy gowy bolsa, onda oňa sowugrak suw içirmeli.
Heläkçilige uçran adamyň endamyna spirt çalmakdan saklanmaly, onuň spirtli içgileri içmegine ýol bermeli däl. Alkogolly içgiler bedendäki ýylylyk sazlaşygyny bozup, Gün urmagynyň täsirini güýçlendirip bilýär.
Lukman gelýänçä näsagyň ýagdaýyny gözegçilik astynda saklamaly.
Maýagül GARAJAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 16-njy Saglyk öýüniň maşgala şepagat uýasy