Her gün irden we agşam dişlerimizi ýuwýarys, ýöne näme üçin diş pastasyny diňe dişlerimiz üçin peýdalanmaly?
Aslynda diş pastasy, diwarlardaky tegmilleri, halydaky hapalary, aýakgapdaky yzlary, kümüş gap-gaçlaryň we hatda awtoulaglara çenli ähli zatlaryň üstündäki tegmilleri aýyrmak üçin ajaýyp bir täsinlikdir.
Halyňyza nämedir bir zat döken bolsaňyz, tegmili diş pastasy bilen süpüriň.
Eger-de awtoulagyňyzyň çyralary birneme bulutly görünip başlan bolsa, onda ýumşak mata ýa-da çotga diş pastasyny goşup süpürip görüň. Birnäçe minutdan soň tozan, kir we reňkli okislenme aýrylyp, çyralaryňyz has ýalpyldawuk, has ýagty hem-de arassa görüner.
Tegmilli käseler diňe bir ýakymsyz bolman, eýsem, kimdir birini çaýa çagyranyňyzda hem onuň şol wagtky görnüşi birneme utandyrýar. Eger-de olary zyňmak islemeýän bolsaňyz, şu usuldan peýdalanyp bilersiňiz. Käsäňize diş pastasyny guýuň, çotga bilen ýuwmazdan ozal 10 minut goýuň. Soňra gaplaryňyzy gowy edip ýuwuň. Netijede, tegmilleri aýrylan ýalpyldawuk käsedir gap-gaçlaryňyzyň bardygyna göz ýetiriň.
«TürkmenGazet».