
Tomus paslynda bedenimizi ýaglar we et önümlerinden kemeldip, tersine, ösümliklerden taýýarlanan önümler bilen iýmitlendirmek hem saglygymyz, hem bedenimiz üçin örän peýdalydyr. Ter gök otlara, miwelere, gök we bakja önümlerine, ir-iýmişlere ürç etmek ýürek-damar kesellerinden goramak bilen bir hatarda, bedeni artykmaç agramdan gorar we daşky keşbine hem özüniň oňaýly täsirini ýetirer.
Ösümlik önümleri özüňi dok duýmagyňa ýardam edýär. Şol sebäpden et önümlerini azaldyp, ösümliklerden taýýarlanan iýmitlerden iýmitlenmek maslahat berilýär. Şeýdilende, semizligiň öňüni alyp bolar.
Adamyň daşky görnüşi derisiniň, dyrnaklarynyň, saçynyň ýagdaýy onuň iýýän we içýän zadyna bagly bolup durýar. Beden olara zerur gerek bolan ýokumlary, pigmentleri, fotohimiki maddalary gök önümlerden we miwelerden alýar. Meselem, bolgar burçunda we kelemde köp saklanýan C ýokumy bedende kollageniň işlenip çykmagyna ýardam berýändigi sebäpli deriniň wagtyndan öň garramagynyň, gasyn atmagynyň öňüni alýar, ýygyrtlary ýazýar.
Ösümlik önümleriniň ýürek-damar, gipertoniýa keselleriniň döremek ähtimallygyny azaldýandygyny alymlar bireýýäm subut etdiler. Munuň hakykatdygyna bolsa işjeň hereket, bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanyp, ösümlik önümler bilen iýmitlenilende bu kesellerden goranyp bolunjakdygyna iş tejribelerinde görmek bolýar. Çünki ösümlik berhizleri iýmit arkaly bedene düşen ýaglary azaltmaga ýardam edýär.
Ösümlik önümleri yzygiderli kabul edilende gözüň görüşini gowulandyrýandygy hem-de ýatkeşligi saklamaga ýardam edýändigi onuň bedenimize zerurdygyny ýatladýar. Meselem, käşiri, pyrtykaly, mekgejöweni köp iýýän adamlaryň görüş ýitiligi uzak wagt ýitmeýär.
Janmyrat ÖWILÝAGULYÝEW,
Lebap welaýat psihonewrologiýa hassahanasynyň baş lukmanyň bejeriş işleri boýunça orunbasary.