
Tomus paslynyň jöwzaly günlerinde adamlaryň ýagly, etli naharlara däl-de, miwelere we gök önümlere bolan talaby has hem artýar. Aýratyn hem düzüminde adam bedeni üçin peýdaly witaminleriň köpsanlysyny saklaýan gawundyr garpyz, üzümdir ülje, armyt, alma, hyýar, pomidor we beýleki miweleriňdir bakja ekinleriniň tomsuň Gün nurundan alyp, mazaly bişenlerini iýmek maslahat berilýär. Bilşimiz ýaly, Güneşli Türkmenistanda ýetişýän bu datly miweleriň süýji tagamyna daşary ýurtlular hem belet. Esasan hem lukmanlarymyz Gün öwüşginli diýdirýän, açyk reňkli mekgejöwen, gawun, limon, banan ýaly iýmitleriň aýratyn peýdaly häsiýetlere eýedigini aýdýarlar.
Däneliler maşgalasyna degişli bolan mekgejöwende B, D, H, PP, A, C, E witaminler topary, demir, kalsiý, kaliý, magniý, fosfor we beýleki peýdaly maddalar bardyr. Gawun bolsa ýokumly maddalara baý bolan süýjülikleriň esasysydyr. Ol ýürek-damar keselleri we böwrek daşlary üçin has hem peýdalydyr. Gawunyň kaloriýalylygy — 35 kkal. Gawuny ajöze iýmek maslahat berilmeýär. Ol nahar aralygynda iýilýän peýdaly önümleriň biridir.
Saglyk üçin peýdaly önümleriň ýene-de biri garpyz. Ol foliý turşusynyň, B, C, E, PP, A ýokumlarynyň çeşmesi hasaplanylýar. Garpyzyň düzümindäki iň köp elementleri biri-de magniý bolup, ol bedeniň holesterinden saplanmagyna ýardam edýär. Halk lukmançylygynda garpyz böwrekdäki we peşew haltadaky daşy çykarmakda giňden peýdalanylýar. Onuň sykylyp alnan suwy has hem peýdalydyr. Düzüminde köp mukdarda C witamini bolan limon hem kalsiý, demir, sink, fosfor bilen birlikde limon kislotasyny, askorbin kislotasyny, alma kislotasyny saklaýar. Onuň löti, suwy, gabygy iýmit hökmünde giňden peýdalanylýar.
Sahawatly türkmen topragy bu datly nygmatlaryň ählisine-de baý. Şonuň ýaly-da biziň howa şertlerimiz bu peýdaly önümleriň ählisiniň talabalaýyk bişmegine laýyk gelýär. Şonuň ýaly-da olary talabalaýyk arassalap, sowadyp iýmek maslahat berilýär.
Merjen ABDULLAÝEWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Dänew etrap komitetiniň buhgalteri.