
Lukmanlar her gün diýen ýaly iýilse, saglyga we beden agramyna uly zyýan ýetirip biljek miweleri sanap geçdiler.
Näme üçin bu miweleri köp iýmeli däl?
Tomus iň köp halanýan miweleriň bişýän wagtydyr. Şeýle-de bolsa, dietolog Olga Dalakowanyň belleýşi ýaly, tebigatyň ähli nygmatlaryny her gün iýmek mümkin däl.
Miweleriň köpüsinde tebigy ýönekeý şekerler — saharoza, glýukoza we fruktoza bar. Olar artykmaç sarp edilende, saglyk ýagdaýymyzy ep-esli erbetleşdirip biler. Mysallaryň biri: metabolizmanyň bozulmagy.
Her gün däl-de, günaşa iýilmeli miweler
Ady agzalan dietolog yzygiderli iýip bolmaýan bäş görnüşli miweleriň atlaryny sanap geçdi.
Banan. Bu miwe ýokumly we lezzetlidir. Şeýle-de bolsa, onuň düzüminde uglewodlar we kaliý köp, ýygy-ýygydan sarp etmek bolsa agramyň ýokarlanmagyna we ýürek-damar näsazlyklaryna sebäp bolup biler. Peýdaly mikroelementleriň köp bolmagy, olaryň ýoklugy ýaly zyýanlydyr.
Üzüm. Bu miwe ortaça sarp edilende iýmit siňdiriş meselelerini aýyrýar, görüşi gowulandyrýar we düwnük keseliniň öňüni alýar. Şeýle-de bolsa, üzüm köp iýseňiz, basym diş lukmanyna görünmäge taýyn boluň. Lukmanyň pikiriçe, bu miwäniň düzüminde diş emalyny iýýan kislotalar köp. Meseleleriň öňüni almak üçin her gezek üzüm iýeniňizde agzyňyzy suw bilen gowy çaýkaň! Mundan başga-da, üzüm söýüjiler bir aýda 5 kilograma çenli artykmaç agram alýarlar.
Greýfrut. C witamine baý miwäniň kaloriýasy az we aşa köp sarp edilmegi saglyga howp salmaýar. Emma bu miwe aşgazan-içege, bagyr ýa-da böwrek bilen baglanyşykly kynçylyklary agyrlaşdyryp biler. Şonuň üçin hünärmen hepdede 2-3 gezekden köp greýpfrut iýmezligi maslahat berýär.
Limon. Limon hem beýleki sitrus miweleri ýaly, her gün iýilse, diş emalyny iýmek bilen bolýar. Adaty limonly suw içseňiz hem. Şonuň üçin bir dilim limon iýeniňizden ýa-da bir stakan limon içgisini içeniňizden soň, agzyňyzy çaýkamagy ýatdan çykarmaň!
Garpyz. Polşaly alymlar bu miwäni yzygiderli uzak wagtlap iýmegiň içgeçmä sebäp bolup biljekdigini anykladylar. Bu kesel hopwly ýagdaýa — suwsuzlyga hem sebäp bolup biler.
Taýýarlan: Aýlar HABYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 3-nji ýyl talyby.