
Käbir iýmitler beýlekilere garanyňda has çalt zaýalanýar. Alma we banan iň meşhur miweleriň biridir. Ýöne olary biri-biriniň ýanynda saklamazlyk has gowudyr. Çünki olar bilelikde duranynda has erbetleşýär. Şonuň üçin bu önümleri bilelikde saklamaň!
Gök önümleri we miweleri saklamak barada başga nämeleri bilmeli? Alma we banan: bu iýmitleri hiç haçan bilelikde saklamaň. Netijede, almanyň gapdalynda duran banan sary reňkden goňur reňke öwrülýär.
Armyt we pomidor düzümindäki etileni çykarýandygy üçin töweregindäki beýleki miweleriň has çalt zaýalanmagyna sebäp bolýar. Olary has uzak saklamak üçin elmydama aýratyn saklamak maslahat berilýär.
Sogan bilen ýer alma hem biri-biriniň ýanynda bolmaly däldir. Olar aýratynlykda hemişe salkyn we garaňky ýerde saklanylmalydyr. Sogan ýer alma garanyňda çyglylygy çalt siňdirip has çalt çüýräp başlaýar. Bu düzgün sarymsak saklananda-da göz öňünde tutmaly ýagdaýlaryň biridir.
Limon, mandarin kesilen ýagdaýynda-da mümkin boldugyça uzak saklanylmaly. Aslynda, sitrus miwelerini sowadyjyda saklamak gadagandyr. Sitrus miwelerini otag temperaturasynda saklamak iň gowusydyr.
Iýmitleri dogry saklamak bilen, olaryň saklanyş möhletini uzaldyp bilersiňiz!
«TürkmenGazet».