Sagdyn durmuşSlider

Hytaýly hünärmen haltajykly çaýlary içmeýändiginiň sebäbini düşündirdi

16-07-2023 / 14

13-15-nji iýul aralygynda Moskwada geçirilen çaý sergisine gatnaşýan hytaý çaý kompaniýalarynyň wekilleri «RIA Nowosti»-da näme üçin haltajykly çaýlary içmeýändiklerini düşündirdiler.

«Fujian Ningde Qianyi Çaý Co.» kompaniýasynyň hünärmeni Fu Ibiniň pikiriçe, hytaýly sarp edijiler çaý taýýarlamaga çynlakaý çemeleşýärler. Ol: «Çaý ýapraklary täze möwsümden bolmaly, biz olaryň açylyşyny görmeli, ysyny duýmaly» diýip, diňe şondan soň çaý taýýarlanylýandygyny aýtdy.

Bilermen: «Haltajykly çaýa düşünemok. Haýsy ýylda ösendigini, haýsy ýapragyň, nähili açylandygyny bilemok we ysyny duýamok» diýdi. Şeýle-de ol: «Hytaýda her çaýyň öz orny, maksady bar we her çaý ýapragynyň saglyga peýdasy bar» diýdi.

Moskwadaky hytaý çaý satyjysy Raisa Çžan hem: «Olara näme goýlandygy belli däl» diýip, çaý haltajyklaryna negatiw baha berdi.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu