Sagdyn durmuşSlider

Tomus: sagdynlyk öz elimizde!

14-07-2023 / 15

Häzirki wagtda dowam edýän tomus paslynyň yssy günlerinde saglygyňy durnukly saklamak, kesellerden goranmak esasy wezipe bolup durýar.

Günüň dowamynda az-azdan birnäçe gezek iýip-içmeli. Yssy howada der bilen bile bedenden zerur witaminler we minerallar hem çykýar. Netijede, özümizi agyr duýýarys, ysgynsyz bolýarys, immunitetimiz peselýär. Şonuň üçin hem köpräk gök önümleri, miwedir ir-iýmişleri iýmeli. Olary iýmezden öňürti gowy edip ýuwmaly. Şahsy arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmeli. Nahary diňe bir gezeklik taýýarlamaly, çünki yssy howada önümler çalt zaýalanyp, iýmit zäherlenmesine getirip bilýär. Önümleri satyn alanyňyzda, hökman möhletine we saklanyş düzgünine seretmeli.

Bedendäki suwuň deňagramlylygyny saklamak hem möhümdir. Munuň üçin bolsa günüň dowamynda ýeterlik mukdarda arassa agyz suwuny içmeli. Howanyň aşa gyzmagy bilen, bedenden köp mukdarda suwuklyk der arkaly bölünip çykýar. Fiziki hereket bilen meşgullanýanlarda bu has-da ýokary. Bu bolsa diňe bir bedeniň suw deňagramlylygyny bozman, eýsem, ganyň goýulaşmagyna hem getirýär. Suw deňagramlylygynyň bozulmagy bedende gan aýlanyşygynyň bozulmagyna we insult, infarkt keselleriniň ýüze çykmagyna sebäp bolýar.

Jemal  JORAÝEWA,
Türkmenabat şäherindäki 2-nji saglyk öýüniň baş lukmanynyň bejeriş işleri boýunça orunbasary.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu