Sagdyn durmuşSlider

Garramazlyga peýdaly 10 maslahat

05-07-2023 / 23

Lukmanlaryň, ýagny psihologlaryň we dietologlaryň halkara topary uzak ýaşamagyň we ýaş görünmegiň uzak ýyllaryň dowamynda geçirilen barlaglarynyň netijesinde nesihatlarynyň 10-syny işläp taýýarladylar. Eger siz hem olaryň hemişe aşakdaky nesihatlaryny berjaý etmegi başarsaňyz, garramagyňyzy 14-15 ýyl yza tesdirip bilersiňiz.

  1. Aşa doýmaga endik edinmäň. Iýýän iýmitiňiz gaty köp hem bolmasyn, az hem. Bir gije-gündiziň dowamynda 1500 kaloriýadan geçmeli däl.
  2. Öz ýaşyňyza görä iýmitiňiziň düzümini üýtgediň. Otuz ýaşly aýallar üçin hoz we bagyr iýmek örän peýdalydyr. Munuň özi ýüze ýygyrt düşmekden goraýar. Kyrk ýaşdan geçen adamlar iýmitleriniň arasynda peýnir bilen böwregi köpräk ulanmaly. Olaryň düzüminde stressi aýyrmaga ukyply „Selen“ diýlen maddanyň bardygy mälim edilendir. Elli ýaşdan geçenler düzüminde kalsiý bolan önümleri kän iýmeli. Ol bedeniň süňkleriniň berk bolmagyna ýardam edýär. Şu ýaşda ýüregiň gan-damarlarynyň goragçysy bolan balyk etini hem yzygiderli iýmek maslahat berilýär.
  3. Göwnüňize ýaraýan, özüňiz üçin oňaýly iş tapmaga çalyşmaly. Hünärmenler işlemeýän adamlaryň öz ýaşyndan 5 ýaş garry görünýändigini belleýärler. Sosiologlar: „Käbir kärler (dirižýor, filosof, hudožnik, dindar) ýaşlygy uzak saklamaga kömek edýär“ diýip hasaplaýarlar.
  4. Söýgüden ýüz öwürmäň. Söýlüp hem söýüp ýaşaň. Bu sagatlygyň esasy girewidir.
  5. Ähli zada öz garaýşyňyz bolmaly. Şonda depressiýa düşmek mümkinçiligiň azalýar.
  6. Köpräk hereket ediň. Her gün 8 minut sport bilen meşgullanmagyňyzyň ömrüňizi uzaldýandygyny barlaglaryň netijesinde ýüze çykarylandyr.
  7. Salkyn jaýda ýatmaga endik ediniň. Jaýyň temperaturasy birsydyrgyn 17-18 dereje salkyn bolmalydyr. Şonda berk uklarsyňyz. Munuň netijesinde uzak ýyllar juwan keşbiňizi  saklarsyňyz.
  8. Mahal-mahal özüňizi eljiretmegi hem unutmaň. Sagdyn durmuş ýagdaýynyň talaplarynyň garşysyna gidip, öte şirin tagamlardan doýanyňyz üçin özüňizi aşa kütekläp oturmaň. Eger öz göwnüňize ýaraýan köýnek, ädik, ýantorba görseňiz, tygşytlylyk barada pikir etmäň we derrew alyň.
  9. Hemişe gaharyňyzy basjak bolup, azara galmaň. Halkara test geçirilende, täze howply döremelerinden ejir çekýänleriň aglabasynyň gaharyny basyp, özlerine agram salyp gezendigi mälim bolupdyr.
  10. Beýniňizi yzygiderli türgenleşdiriň. Krosswordlary çözmäge, goşgulary ýat tutmaga, daşary ýurt dillerini öwrenmäge çalşyň. Ýatdan hasaplamagy endik ediniň. Şeýdip, beýnimizi güýçli işlemäne mejbur edip, ýüregimiziň we gan damarlarymyzyň işjeň işlemegini gazanarys.

Aýsoltan ŞARIPOWA,
Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu