Sagdyn durmuşSlider

Limon we saglyk

27-06-2023 / 16

Limonyň adam bedenine we onuň saglygyna täsiri uludyr. Arterial gan basyşynyň kadalaşmagyna itergi berýän, ýiti respirator wirusly ýokançlaryň öňüni almaga ýardam edýän limonyň başga-da köp sanly artykmaçlyklary bar. Limonda köp mukdarda С witamini saklanýar. Şeýle-de limon ýaglaryň ýakylmagyna, bedeniň agramynyň azalmagyna, kalsiniň siňmegine itergi berýär.

Limonyň düzüminde fitonsidleriň mukdary köp bolansoň, ol ýiti respirator wirusly ýokançlaryň öňüni almakda ýerini çalşyp bolmaýan serişde hasaplanylýar. Çaýyňa 1 çaý çemçe bal garmak, limon atmak endigi ýiti respirator wirusly ýokançlaryň öňüni almaga ýardam edýär.

Limonyň düzümindäki efir ýagy güýçli antiseptik we bakterisid häsiýete eýedir. Limon şiresi çilim çekmek endigini taşlaýan adamlar üçin peýdalydyr. Mundan başga-da, limon şiresinden ýapgy edilende, kellagyryny aýyrmaga itergi berýär. Her gün agşam ýatmazdan öň 1 limonyň şiresi 100 gram bala garylyp, taýýarlanan melhemligi gyzgyn çaýa ýa-da süýde garyp içmek peýdalydyr.

Limon görklendiriji serişde hökmünde hem giňden ulanylýar, ondan dürli deri päkleýji losýonlar, ýapgylar, iýmitlendiriji kremler hem taýýarlanylýar. Limonda derini ýumşadyjy häsiýet hem bar, ýagny limonyň bir bölejigini tirsege, dyza, ökjä ýapsaň, deridäki gataňsy ýygyrtlaryň ýazylmagyna, ýumşamagyna täsir edýär. Limony dyrnaklaryňyza sürtmek hem peýdaly. Onuň şiresi dyrnagyň berkemegine ýardam berýär we lowurdysyny artdyrýar.

Limonyň ysynyň adamyň duýgurlygyna, işjeňligine oňyn täsir edýändigini barlaglar görkezýär.

Allanur ALLANUROW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu