
Adam saglygyna täsir edýän esasy howplaryň biri nädogry iýmitlenmekdir. Şonuň üçin bu ugurda zähmet çekýän hünärmenler gündelik iýýän iýmitiňiziň düzümine gök önümleri, miweleri, kösükli ösümlikleri, hozlary we däneli önümleri goşmagy maslahat berýärler.
Her gün iki sany alma iýmek adam saglygy üçin diýseň peýdalydyr. Alma C, B1, B2, B6, E ýaly witaminlere mundan başga-da kaliý, natriý, kalsiý, magniý, demir, sink ýaly mineral maddalara örän baýdyr. Almanyň turşy görnüşi semremäniň garşysyna ulanylýan esasy serişdeleriň biridir. Onuň süýji görnüşi bolsa ýürek-damar kesellerinde, böwrekde daş bolanda peýdalydyr.
Armyt hem adam saglygy üçin örän peýdalydyr. Ol glýukoza, fruktoza, saharoza, karotin, azotly, pektinli we witaminler B, PP, C, magniý, demir, kaliý, kalsiý, natriý, fosfor, az mukdarda limon we alma turşulary, beloklar, gidroksinon hem-de fitosidler, flawanoidler ýaly witaminlere baýdyr. Almadan tapawutlylykda armytda peýdaly öýjükler has köpdür. Armydy dümewde, gyzgyn galanda, içgeçmede, peşew haltasynyň sowuklamasynda, howply täze döremelerde, semizlikde ulanmak maslahat berilýär. Armyt merkezi nerw ulgamynyň işini gowulandyrýar, adamyň aňyna oňaýly täsir edýär. Düzüminde köp mukdarda fenol birleşmeleriniň bardygy sebäpli, gan damarlary berkidýär. Süýji keselli näsaglara bişmedik armydy iýmek maslahat berilýär.
Saglygy berkidiji miweleriň ýene biri-de nardyr. Onuň gabygynyň hem ýapraklarynyň düzüminde uglewod, steroid, smola, alkaloidler, krahmal, ursol, betumen, fenolkarbol ýaly turşulyklar bar. Miwesinde şeker, limon, alma, pantoten, triterpen turşulyklary, C witamini saklanýar. Nar şiresinde glýukoza, fruktoza, limon, alma, şawel turşulary, demir, kalsiý, magniý, natriý, C, B1, B6, PP witaminleri, karotin, folasin, fitonsidler, pektin we azotly maddalar saklanýar. Naryň dänesindäki köp mukdardaky fitogormonlar bolsa, bedeniň ýaşarmagyna täsir edýär. Şeýle-de, naryň şiresi antioksidant häsiýetli aýratynlyga eýedir. Ol işdäňi açýar, arterial gan basyşy peseldýär, iýmit siňdiriji mäzleriň işini sazlaýar, peşew haltasynyň, öt turşusynyň öndürilmegini kadalaşdyrýar.
Tudana hem öz düzüminde ýokumly maddalaryň köp mukdaryny saklaýan miweleriň biri. Onda organiki turşulyklar, demir, kaliý we efir ýaglary bar. Lukmanlar miwäniň ýetişen döwründe ýürek keselli näsaglara bir günüň dowamynda 1-1,5 kg tudana iýmegi we şiresini içmegi maslahat berýärler. Tudana glukoza, fruktoza, pektin maddalaryna, beloga, C, B1, B2, PP witaminlere we dürli ýaglara baýdyr. Tut ýapragyndan taýýarlanan melhem ýürek agyryda peýdalydyr.
Täjigözel SOPYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 1-nji ýyl talyby.