Sagdyn durmuşSlider

Suw ýaşaýyşda esasy çeşmeleriň biridir

25-06-2023 / 14

Suw diňe bir teşneligi gandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, onuň ynsan saglygyna peýdaly taraplary köpdür. Suw gaýnadylanda içindäki zyýanly birleşmeleri dargaýar. Şonuň üçinem irden oýanan wagtyňyz diňe gaýnap sowan suwy içmek maslahat berilýär. Gaýnag suw tagamy özüne gowy siňdirýär. Ir bilen içilen bir bulgur suw aşgazany we içege ýollaryny hem arassalaýar.

Suw ýokary temperaturada gaýnadylanda, onuň düzümindäki birleşmeler dargaýar we tagamynyň ýaýramagyna getirýär. Gaýnag suw bedeni berkidýär, işjeňligi artdyrýar, deriniň sagdynlygyny üpjün edýär. Berhiz saklaýanlar we horlanmak isleýänler üçin gaýnag suwuň peýdasy uludyr. Suwuň düzüminde ýagyň ýoklugyny göz öňünde tutup, artykmaç agramdan dynmak isleýänler çaý bilen kofeniň deregine gaýnap sowan suwy içmek maslahat berilýär. Bokurdak agyranda gyzgyn çaý ýa-da melhemlik demlemeleri içmek juda peýdalydyr. Gaýnag suw sesi açmak, durlamak üçin peýdalydyr. Hut şonuň üçin aýdymçylar bu tejribäni giňden ulanýarlar.

Lukmançylyk taýdan aýdylanda käbir halklaryň lukmançylygynda gaýnag suw sowuklamada esasy derman serişdesi hökmünde ulanylýar. Bu usul ençeme ýyllaryň dowamynda Ýer ýüzüne ýaýrap, bir gaba guýulan gaýnag suwuň üstüne ýüzüňi tutup, bugdan dem almak arkaly amala aşyrylýar. Şeýle edilende buguň dem alyş ýollaryny arassalaýandygyny aýratyn bellemek zerurdyr. Şu berilýän maslahatlary göz öňünde tutup, suwuň, esasan-da, gaýnag suwuň saglyk üçin peýdasynyň uludygyny unutmaly däldiris!

Gündelik iýilýän miweleri we gök önümleri gaýnag suwa ýuwmagy lukmanlar elmydama nygtaýarlar. Gaýnag suw olaryň daşky gabynda bolup biläýjek hapalary has gowy aýyrýar we mikroblaryň ýok edilmegini doly üpjün edýär.

Şeýle-de, ynsan bedeninde bolup geçýän alyş-çalşygy gowulandyryp, iýmit siňmegine hem oňaýly täsir edýär. Artykmaç ýaglaryň eremeginde hem gaýnag suwuň peýdalydygyny bilmek her birimiz üçin zerurdyr. Gaýnap sowan suwa limon, narpyz ýa-da azajyk nabat atmak onuň diňe bir tagamyny gowulandyrman, eýsem, ynsan bedenini gurplandyrmaga, agyz boşlugyndaky ýakymsyz yslaryň aýrylmagyna, bedendäki artykmaç ýaglaryň eremegine hem peýdalydyr. Hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, ozal gaýnag suwy täzeden gaýnadyp içmek peýdaly hasaplanmaýar. Suw gaýnadylýan çäýnegi gaýnag suwdan emele gelýän çökündilerden tiz-tizden arassalap durmagy ýatdan çykarmaly däldir.

Göwher GYLYÇDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Himiýa we himiýa tehnologiýasy kafedrasynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu