Sagdyn durmuşSlider

Witaminlere we minerallara baý

20-06-2023 / 19

Alma witaminlere we minerallara baý ýokumly miweleriň biridir. Onuň düzüminde organiki turşulyklar, şeker, glýukoza, fruktoza, efir ýaglary, A, K, C, E, B6 witamini, kletçatka, pektin maddalary, mineral duzlar, fitonsidler we beýleki maddalar bardyr.

Alma ýürek-damar kesellerinde we bedeniň goranmak ukybynyň güýçlenmeginde peýdaly täsire eýedir. Ol beýni we nerw ulgamynyň näsazlygy zerarly ýüze çykýan huşsuzlyk, geplemek kynçylygy, hereketiň agyrlaşmagy ýaly ýagdaýlaryň öňüni almakda hem peýdalydyr.

Alma iýmit siňdiriş ulgamyny kadalaşdyrýar. Gandaky şekeriň mukdarynyň deňagramly bolmagy, süňkleriň berkligi üçin günde bir alma iýmek maslahat berilýär. Ony ýatmazdan öň iýmegiň ukynyň rahat bolmagynda täsiri uludyr.

Almanyň düzümindäki käbir himiki birleşmeler içegeleriň işjeňligini artdyrýar we zyýanly bakteriýalary ýok edýär.

Banu JIÝANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu