Sagdyn durmuşSlider

Hem saglyk, hem gözellik üçin

10-06-2023 / 21

Dermanlyk häsiýetli ösümlikleriň biri-de şetdalydyr. Şetdalynyň miwesinde 15 göterime çenli şeker, 0,9 göterim kletçatka, reňk beriji maddalar, efir ýagy, 0,9 göterim beloklar, limon, hloragen organiki turşular, sirke we witaminler A, B1, B2, E, C, PP, kaliý, kalsiý, magniý, natriý, fosfor, demir, ýod, ftor we beýleki mikroelementler bar.

Şetdalynyň tohumynda 57 göterime çenli ýag bolup, onuň düzüminde palmitin, gliseridler, sinil turşusy, glýukoza we ajybadam efir ýagy bar. Şetdalynyň miweleri ýürek-gandamar ulgamy, dem alyş agzalary, bagyr, böwrek kesellerinde, şeýle-de iýmit siňdiriş mäziniň sekresiýasyny gowulandyrmakda, gastritde, enterokolitde umumy berkidiji serişde hökmünde peýdalanylýar.

Halk lukmançylygynda şetdalynyň ýapragy konýuktiwitleri bejermekde ulanylýar. Ondan göz melhemlerini taýýarlaýarlar. Ylmy lukmançylykda ösümligiň miwesiniň, ýapraklarynyň we gülleriniň iç sürüji we peşew çykaryjy, arassalaýjy, umumy berkidiji, rahatlandyryjy, gowşadyjy, işdäni açyjy täsiri ýüze çykaryldy. Şetdalynyň miwesi berhiz önümi, berhiz iýmiti hökmünde umumy berkidiji serişdedir.

Şetdaly şiresi düzüminde köp mukdarda kalini saklaýandygy üçin ýürek, böwrek-daş kesellerinde peýdalydyr. Ol bedeni berkitmekde, iýmit siňdirişi gowulandyrmakda, suwsuzlygy gandyryjy serişde hökmünde ulanylýar.

Şetdalynyň miwesi dermanlyk häsiýetlerinden başga-da, gözellik merkezlerinde fitoterapewtiki serişde hökmünde peýdalanylýar. Tohumyndan şetdaly ýagy alynýar, ol derman we parfýumeriýa senagatynda gymmat bahaly serişde hasaplanýar.

Muhammetresul NURMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu