Sagdyn durmuşSlider

Gün şöhlesinden goranyň!

Saglyk size ýaran bolsun!

09-06-2023 / 17

Şu günler howanyň gaty gyzýandygy, ýagny  Gün şöhlesiniň has ýiti düşýänligi sebäpli adam bedenine uly zyýan ýetip  biler.   Haçan-da, Gün şöhlesi adam bedenine köp düşen halatynda, ol birnäçe keselleriň döremek howpuna sebäp bolup bilýär. Ýagny Günüň  ýiti ultramelewşe şöhlesiniň täsiri bilen  derimize  we bedenmiziň içki agzalaryna zyýan ýetýär. Şol sebäpden ähli raýatlar, esasan–da, kiçijek körpeleri Günüň ýiti şöhlesinden goramak zerurlygy ýüze çykýar.

Daşary çykanyňyzda açyk reňkli nah matadan tikilen ýeňil, gysmaýan, giňräk  eşikleri geýiň. Kelläňizi başgap bilen örtüň (ýaglyk daňmaly ýa-da papak geýmeli),  ýanyňyz bilen saýawan alyp çykyň.

Köp mukdarda suwuklyk kabul ediň. Ýagny arassa suw, düýe çaly, aýran, şerbet, itburun we ýandagyň gaýnatmalaryny içmek möhümdir. Şeýle-de alkogolly içgileriň bedendäki ýylylyk sazlaşygyny bozup, Gün urmanyň ýüze çykmagyna sebäp bolýandygyny hem unutmaň!

Daşarda işlemek zerurlygy ýüze çykanda, ýa-da gezelenç edilende, irden sagat 9-a çenli, öýlän  bolsa sagat 18-den soňra işlemek, gezim etmek maslahat berilýär. Edil çagalara hem şeýle. Irden sagat 9-a çenli, öýlän  sagat 18-den  soňra daşary alyp  çykmak maslahat berilýär.

 Şeýle-de daşardan gyzyp gelip, sowadyjynyň öňünde oturmak hem-de sowuk suwlary içmek maslahat berilmeýär.

 Egerde suwa düşmek we Güne ýanmak meýilleşdirilen bolsa, onda bularyň düzgünleri hökmany berjaý edilmelidir. Ýagny suwa düşülýän ýerlerde uly saýawanlaryň  we çadyrlaryň kömegi bilen kölegäniň düşmegini üpjün etmeli. Şeýle-de suwa düşülýän, we Gün wannasynyň kabul edilýän döwri maňlaýyň we ýüzüň açyk ýerlerine Günden goraýjy kremleri çalmaly. Güne ýanmak we suwa düşmek üçin iň gowy wagt sagat 9-dan 11-e çenli we 16-dan 18-e çenli aralykdyr.  Aç wagtyň hem-de nahar iýilen dessine Güne ýanmak zyýanlydyr. Şol sebäpden nahardan soň 1 sagat gowrak wagt geçmelidir. Şeýle-de 2 ýaşamadyk çagalar, gartaşan adamlar hem-de käbir kesellerden ejir çekilýän döwür Güne ýanmakdan gaça durmalydyr.

Rahbaraý JUMAÝEWA,
Türkmenabat şäherindäki 1-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu