
Sagdyn bolmak üçin fiziki we ruhy ýüklenmelere uýgunlaşan her bir adamyň kadaly iýmitleniş düzgünlerini yzygiderli berjaý etmegi hökmanydyr.
Witaminlara baý bolan önümleri yzygiderli iýmek saglygymyzy berkidip, fiziki işjeňlige öz oňaýly täsirini ýetirýär. Sebäbi beden iýmit arkaly zerur bolan mineral maddalary, beloklary, uglewodlary, ýaglary, suwy özüne kabul edýär. Yzygiderli alnyp barylýan türgenleşik sapaklarynda fiziki ýüklenmeleri ýerine ýetirmek arkaly beden özünde bar bolan kaloriýany harçlaýar. Şonuň üçin hem, olara ýokary kaloriýasy bilen tapawutlanýan, uglewodlara, beloklara baý bolan önümleri iýmek maslahat berilýär.
Fiziki işjeňligi dikeltmegiň esasy serişdesi sagdyn iýmitlenmekdir. Fiziki ýüklenmelerde energiýa harçlanmasy, rahat ýagdaýdakydan iki esse ýokarlanýar. Sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan adamlar üçin iýmitiň bir gije-gündiziň dowamyndaky mysaly düzümi süýtden, süýt turşy önümlerinden, etden, balykdan, towukdan, ýumurtgadan, çörek önümlerinden, süýji tagamlardan, däneli önümlerden, ýer almadan, ýaglardan, gök önümlerden we beýleki ir-iýmişlerden ybarat bolmalydyr. Lukmanlar tarapyndan düzüminde 60% uglewodlar, 25% ýaglar, 15% beloklar, minerallar we witaminler bar bolan iýmitleri iýmek maslahat berilýär.
Döwran NAZAROW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 1-nji ýyl talyby.