
Hazar deňziniň jümmüşine, onuň günorta–gündogar bölegine özboluşly bezeg berip oturan Ogurjaly adasydyr. Onuň umumy tutýan meýdany dokuz müň gektara golaýdyr. Özi hem demirgazykdan günorta tarapa 40 kilometre çenli uzap gidýär, ini bolsa 1,5-2 kilometrdir. Adanyň merkezi bölegindäki Ogurjaly döwlet tebigy çäkli goraghanasynyň meýdany hem ýedi müň gektara barabardyr.
Hazar deňziniň günorta-gündogar böleginde ýerleşýän Ogurjaly adasy keýikleri ösdürip ýetişdirmekde ,,Hazar” döwlet goraghanasynyň düzümine goşuldy. Bu ýerde tebigaty goramak boýunça ýörite çäreler geçirilýär. Adada şor toprakly ýerlerde şora çydamly agaç nahallary oturdylýar.
Ogurjaly adasy özüniň tämizligini saklap, onuň salkyn we çygly howasy ösümlikleriň ösüşi üçin amatly şertleri döredýär. Bu ýerde ösümlikleriň 65 görnüşine gabat gelmek bolýar. Adada peçek, selin, gamyş we ýylgyn has köp duş gelýär. Gyrymsy ösümlikleriň arasynda sözen agdyklyk edýär. Bu adada guşlaryň köp görnüşleri ördekler, çarlaklar, çuluklar, jübtünler we käkilikler ýaşaýarlar. Ýaz we güýz pasyllarynda guşlar kenar boýunça Hazar goraghanasynyň Esenguly bölegine tarap köpçülikleýin uçýarlar.
Adanyň daş–töwereginde we günortasynda çuňlugy 30-50 metre ýetýän arassa we dury deňiz suwlarynda balyklaryň ähli görnüşleri diýen ýaly ýaşaýar. Ýerli süýdemdirijileriniň köp sanly toparynyň, Hazarda ýaşaýan, Hazar düwlenleriniň ýataklary bar. Ol süýji suwdaky düwlenleriň dünýäde bar bolan iki görnüşiniň biridir we iň kiçisidir. Ol ulalanda onuň uzynlygy ortaça 1,5 metre ýetýär. Ogurjaly adasyna Bathyz döwlet goraghanasyndan keýikleriň 13-si getirildi. Häzirki wagtda bu ýerde keýikleriň birnäçe müňsi köpelip goralyp saklanylýar.
Ogurjaly adasynyň tämiz, ýaramly howasy ösümlikleriň ösüşi, olaryň giňden kök ýaýratmagy üçin amatly şertleri döredýär. Hünärmenleriň aýdyşy ýaly, adada olaryň 65 görnüşi bardyr. Täsin adada astragal, peçek, selin, gamyş we ýylgyn has köp duş gelýär. Bellige alnan guşlaryň sany hem 120-den gowrak bolup, olaryň kän görnüşleri ördeklerden, çarlaklardan, çuluklardan, jübtünlerden we käkiliklerden ybaratdyr. Şonuň ýaly-da gyş aýlarynda bu ýere Gazagystandan hem-de Russiýanyň sowuk ýerlerinden guşlaryň ýüzlerçe görnüşleri süri–süri bolup, uçup gelýärler, gyşlaýarlar. Ýaz, güýz pasyllarynda hem guşlar kenar ýakalary bilen goraghananyň Esenguly bölegine tarap köpçülikleýin uçýarlar. Ýalpaklyklarda bolsa gyşyna sakarbalak, gyzyl kelleli we gyzyl çüňkli ördek, ýabany ördek, guw we gyzylinjik duşýar.
Ýusup GOÇGAROW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 1-nji ýyl talyby.