Sagdyn durmuşSlider

Öýkeniň howply täze döremeleriniň öňüni alyş çäreleri

Maý aýy — öýkeniň howply täze döremelerine garşy göreş aýy

22-05-2023 / 33

Her ýylyň maý aýy ýurdumyzda “Öýkeniň  howply täze döremelerine garşy göreş aýy” diýlip yglan edilýär. Ýurdumyzyň beýleki saglygy goraýyş merkezlerinde bolşy ýaly,  welaýat onkologiýa hassahanasynda hem bu howply keseliň öňüni almak we bejermek boýunça netijeli işler alnyp barylýar, köpçülikleýin jemgyýetçilik ýerlerinde wagyz–nesihat çäreleri geçirilýär. Esasan hem ýaş nesle zyýanly endiklerden daşda durmagyny, olaryň dürli kesellere sebäp bolup bilýändigini wagyz etmek giňden ýola goýulýar.

Şol çäreleriň çäklerinde etraplardyr şäher ýerlerinde raýatlara döş kapasasynyň rentgen şöhle, rentgenografiýa, flýurografiýa barlaglaryny geçirmek hem ýola goýulýar. Munuň özi öýkendäki ýokanç däl keselleri, howply we howpsyz täze döremelerini hem-de inçe keselleriniň irki döwürde ýüze çykarmaga we anyklamaga giň mümkinçilik berýär.

Keseliň öňi alynmadyk ýagdaýynda ol maşgalada üç adama çenli ýokup bilýär. Şeýle hem anamnezinde köpçülikleýin ilkinji çişleri bolan, hapa şertlerde işleýän we ýaşy 50-den geçen öýken keselleri bolan adamlarda bu keseliň döremek ähtimallygy ýokary bolýar. Şonuň üçin hem şu howp toparlaryna degişli adamlarda ýokarda agzalan barlaglaryň geçirilmegi we öňüni alyş çäreleriniň alnyp barylmagy hökmanydyr.

Ýokarda görkezilen iş şertlerinde zähmet çekýän watandaşlarymyza ýygy-ýygydan onkologiýa barlagyndan geçip durmagy maslahat berýäris. Çünki keseliň öňüni almak ony bejermekden has aňsatdyr. Adam üçin iň gymmatly zat bolsa  saglygydyr. 

Berkarar Diýarymyzda ynsan saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda we adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmakda bimöçber işler amala aşyrylýar. Ýaş nesli sagdyn durmuş ýörelgelerine ugrukdyrmak, zyýanly endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak döwletimiziň gaýragoýulmasyz meseleleriniň biridir. Şonuň üçin bu babatda düşündiriş, wagyz-ündew, barlag işleri yzygiderli alnyp barylýar. Sagdyn  jemgyýetimiziň sagdynlygy gazanylýar. Güneşli Diýarymyz bolsa sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdudyr.

Reýimkuly ROZYBAÝEW,
Lebap welaýat onkologiýa hassahanasynyň rengenolog lukmany.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu