Syýahatçylyk

Daraýy dere jülgesi

15-05-2023 / 20

Garaşsyz ýurdumyzyň tebigaty gözelliklere, täsinliklere örän baýdyr. Olaryň ajaýyp görnüşleri, taryhy baradaky maglumatlar her bir adamyň ünsüni çekýär. Şeýle özboluşly mesgenleriň biri-de Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Bazardepe obasynyň günorta-gündogarynda ýerleşýän Daraýy dere jülgesidir.

Bu jülge Köýtendagyň beýik hem-de aýratyn gözel dereleriniň biri bolup, onuň uzynlygy 18 kilometre ýetýär. Onda grek hozy, üzüm, kawkaz dagdany, injir, kerkaw, zerewşan arçasy ýaly agaçlardan ybarat bolan tokaýlyk ýerleşýär. Mundan başga-da, bu ýerde saýaly baglar, dury hem-de bol suwly çeşmeler örän köp gabat gelýär.

Deräniň iki gapdalyndaky gaýalaryň belentligi 600 metre çenli ýetýär. Olar el bilen ýasalan ýaly dik, kertdir. Deräniň içinden akyp geçýän dag derýajygyny depeden inýän 10-a  golaý irili-ownukly şaglawuklar suwlandyrýar.

Daraýy dere guşlaryň dürli görnüşleriniň mekany hökmünde hem mälimdir. Bu ýerde Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen jennet siňekçisi, sakgally garaguş, laçyn we beýlekiler bar. Ondaky iň meşhur haýwanlaryň biri bolsa şahly tekedir. Şeýle täsin guşlar, haýwanlar deräniň gözelligini has-da artdyrýar.

Maýa GUMMANOWA,
TOHI-niň Gidromeliorasiýa hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu