Sagdyn durmuşSlider

Hereketlilik — sagdynlygyň açary

10-05-2023 / 11

Adam bedeniniň berkemeginde hereketliligiň uly ähmiýeti bar. Häzirki wagtda bedenterbiýe bilen işjeň meşgullanmak umumadamzat medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Her günki sazlaşykly beden maşklary sagdyn bolmagyňy üpjün edýär, ruhuny belende göterýär. Immunitetiňi berkidip, işe ukyplylygyny artdyrýar.

Hereketde bolmak — sagdynlygyň açary. Gündelik maşklary ýerine ýetirmegiň,  pyýada ýöremegiň, suwda ýüzmegiň, ylgamagyň, welosiped sürmegiň, gimnastika, aerobika bilen meşgullanmagyň ynsan saglygyny berkitmekde aýratyn täsiriniň bardygyny unutmaly däldir.

Welosiped sürmek adamyň aýaklarynyň myşsalaryny berkitmäge ýardam edýär we olaryň çydamlylygyny artdyrýar. Ýürek-damar, dem alyş ulgamlarynyň işini kadalaşdyrýar, şeýle hem gany kislorod bilen baýlaşdyrýar. Gan damarlarynyň warikoz keselinden ejir çekýänler üçin welosiped sürmeklik maslahat berilýär. Aýaklaryň hereketde bolmagy damarlarda gan aýlanyşyň tizleşmegine, westibulýar apparatyň türgenleşmegine, kiçi çanaklykda gan bilen üpjünçiligiň kadalaşmagyna itergi berýär. Sportuň bu görnüşi gözler üçin hem peýdalydyr. Uzaga seredip, gözüňi bir zada gönükdirmek gözler üçin özboluşly maşk bolup durýar.

Welosipedli gezelenç göwnüňi göterýär, şähdiňi açýar, nerw dartgynlylygy aýyrýar. Aýratyn hem — tokaýlyk ýerlerde, açyk howada welosipedli gezelenç edilse dem alyş ýollary üçin peýdaly. Saglyk ýagdaýy pes bolan adamlar welosipedli gezelenje çykmazdan ozal, hökman lukmanlar bilen maslahatlaşmalydyrlar. Haçan-da özüňi duýşyň ýaramaz bolanda türgenleşiklerden saklanmalydyr!

Merjen ANNAGURBANOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu