Sagdyn durmuşSlider

Çaganyň temperamenti we terbiýe

08-05-2023 / 20

Ene-atalar terbiýe meselesinde çaganyň temperamentini hökman göz öňünde tutmalydyrlar. Sebäbi olaryň terbiýä ýalňyş çemeleşmeleri ene-ata bilen çaganyň arasynda dartgynly ýagdaýlaryň döremegine getirip bilýär. Şonuň üçin psiholog-pedagoglar çaganyň temperamentine laýyklykda terbiýe bermekligiň indiki tärlerini ulanmaklygy maslahat berýärler:

Holerik temperamentli çaga-adatça öz pikirine eýerip, siziň görkezmeleriňizi eşitmeýär, berlen ýumuşy soňuna çenli diňlemän, çalt ýerine ýetirmäge çalyşýar we ýalňyşlyklara üns bermeýär, kynçylyk bilen ylalaşýar, gaharjaň bolýar. Holerikler aragatnaşyga meýilli bolýarlar, ýöne aňsatlyk bilen tutuş topar bilen konflikte girip bilýär. Başlangyç synplarda, ulularyň at-abraýy güýçli bolanda mugallymlardan yzygiderli bellik alýan holerikler çagalar tarapyndan inkär edilip, çetleşdirilip bilner. Aragatnaşykdaky döreýän meseleler ýetginjekde kejirlik, ketjallyk ýaly jogap täsirine getirýär. Şeýle çagalary terbiýelemekde ene-atanyň aňlaman goýberýän ýalňyşlary: berk gözegçilik, işjeňligi çäklendirmek, gaharly talaplar we ş.m. Çaga terbiýesine şeýle çemeleşmek nerwozlyga we çaga bilen ylalaşykly aragatnaşygyň ýitmegine getirer.

Maslahatlar: Esasy zat bu joşgunly güýji dogry akyma ugrukdyrmaklyk bolup durýar. Holeriklere sportyň işjeň,herektli görnüşleri bilen meşgullanmaga maslahat berilýär. Türgenleşikler öz hereketlerine gözegçilik etmegi öwreder. Holeriklere ýaşaýyş-durmuş giňişligi zerur, onuň bilen ýygy-ýygydan tebigata gezelenç ediň. Çagada çaltlygy we ünsüzligi terbiýelemek, togtama hadysalaryny berkitmek üçin onuň bilen surat çekiň, el işleri bilen meşgullanyň. Işiň soňuna çenli ýerine ýetirilişine yzygiderli syn ediň. Çaganyň islendik üstünligini höweslendiriň. Öz-özüne gözegçilik etmegine ýönekeý “içiňden” hasaplamaklyk we dem alyş maşyklary kömek berer. Holerik çagalary köpçülikde utandyrmaň, keseki çagalary nusga etmäň. Bu diňe çaganyň gaharyny getirer.

Sangwinik temperamentli çaga-işjeň, güýçli we deňagramly. Bu çaga-“güneş”. Adatça gowy keýpli, bilesigeliji, işjeň, öz duýgularyna gözegçilik edip bilýär. Ulalanda aýgytly, geljege umytly garaýan, öz güýjçne ynamly adam bolup ýetişýär. Sangwinikler beýleki adamlara gowy düşünýärler, höküm etmek üçin göreşmeýärler, ýöne köplenç toparda lider bolýarlar. Sangwinikler bilen aragatnaşykda gündelik durmuşda ýüze çykýan ýalňyşlyklar: Eger-de siz çaga ýürekgysgynç we birgörnüşli ýumuş tabşyranyňyzda ol aňsatlyk bilen ony “ýatdan çykarar”. Eger-de siziň tabşyrygyňyzy ýerine ýetirmäge başlaýanda-da, oňa has gyzykly zat teklip edilende, siziň ýumuşyňyzy taşlar. Şeýle çagalary terbiýelemekde ene-atanyň ýalňyşlary: sangwinikler aňsat aragatnaşyga girýärler, okuw materiallaryny çalt özleşdirýärler. Netijede, ene-atalar gözegçiligi gowşadýarlar, çaganyň ýüzleýdigine üns bermeýärler we onuň içki dünýäsine aralaşmaýarlar.

Maslahatlar: Sangwiniklere işjeň ýaşaýyş keşbi zerur, ýöne sportda olar netijä ymtylmazlar. Olary hadysanyň özi gyzyklandyrýar. Ony sporta ugrukdyryň, ýöne ussat sportçy etmäge çalyşmaň. Sangwinikler bilen talap ediji bolsaň bolýar. Şeýle çagalaryň maksadaokgunlygyny we jepakeşligini goldamaly, ýuwaş-ýuwaşdan talaplary ýokarlandyrmaly we durnuklylygy, netijeliligi gazanmaly. Siziň çagaňyz “güneşmi?” Onda onuň durnuksyzlygyny bagyşlaň, bu onuň temperamentiniň aýratynlygydyr. Oňa öz häsiýetini düzetmäge ýardam beriň. Şonda ol ygtybarly, dartgynlyklara durnukly, aragatnaşyga meýilli we üstünlikli adam bolup ýetişer.

Flegmatik temperamentli çaga-haýal, sabyrly we daşyndan asuda bolýar. Ol özüne buýrulan ýumuşlary ýerine ýetirmekde yzygiderliligi we sabyrlylygy saklamagy başarýar. Mekdebe çenli ýaşda gowy görýän birnäçe oýnawaçlary bilen oýnaýar, goh-galmagaly halamaýar, ýöne iýip-içmegi we ýatmagy gowy görýär. Adatça çagalykdan öz egin-eşiklerini we oýnawaçlaryny tertipli goýýar. Ýöne onuň uýgunlaşan gün tertibine haýsydyr bir zat täsir etse, gowy görmeýär. Çagalar bilen oýnanda, tanyş we “ýuwaş” oýunlary saýlaýar. Oýnuň düzgünlerini uzak wagtlap ýat tutýar, soňra seýrek ýalňyşýar. Liderçilige ymtylmaýar, karara gelmekligi gowy görmeýär, seýrek öýkeleýär, ýöne öýkeleşen ýagdaýynda göwnüne degen adam bilen aragatnaşygy hemişelik kesip bilýär. Flegmatik bilen döreýän gündelik meseleler: ol ýuwunyp, ertirlik edinip, egin-eşiklerini geýýänçä mekdepdäki sapaklar başlaýar, ol sapagyň başyna ýetişen ýagdaýynda-da, “Synp işi” diýip ýazýança arakesmä jaň kakylar, onuň bilen maslahatlaşman, öwrenişen ertirlik nahary üýtgese, galmagal döretmekligi  mümkin. Flegmatikler bir hepdäniň dowamynda uka gitmezinden öň şol bir ertekini okamaga mejbur edip bilýärler. Şeýle çagalary terbiýelemekde ene-atanyň ýalňyşlyklary: ýumuşyň ýerine ýetirilişni sesiňizi beýgeltmek arkaly çaltlandyrmaga ýykgynlyk etmäň, eger-de çaga garşylyk görkezýän bolsa, siziň pikiriňizçe ähmiýetli bolan işe çagany boýun etmäň, sabyrly boluň we ähli zady oňa derek ýerine ýetirmäge çalyşmaň. Eger-de siz hemişe gaharlanyp, çaga onuň haýallygy üçin temmi berseňiz,onda hereket etmegiň öňünde gorky dörär we ol öz-özüne kem baha garap başlar.

Maslahatlar: Çaga ynanmagy gorkmaň, ol ýeterlik derejede jogapkärli. Çaga beýleki adamlaryň duýgularyna we emosiýalaryna düşünmegi öwrediň. Öz pikirini kemala getirmegine we ony gorap bilmekligine kömek beriň.

Melanholik temperamentli çaga – ýakynlaryň goldawyna aýratyn mätäç. Çaga-melanholikler örän duýgur,öýkelek, ähli täze zatlara seresaply garaýarlar. Melanholik özüne ynamsyz,özbaşdak saýlaw etmegi başarmaýar. Melanholikler nätanyş şertlerde özlerini ýitirýärler, islendik kynçylyk olary deňagramlykdan çykarýar. Olar ýuwaş gepleýärler, jedele seýrek goşulýarlar, köplenç has güýçli adamlaryň pikirine tabyn bolýarlar. Şeýle temperamentli adamlar çalt ýadaýarlar. Melanholikleriň köpüsi edebiýatda,sungatda, ýokary ünslüligi talap edýän hünärlerde üstünlik gazanýarlar. Melanholiklere duýgularyň çuňlugy we durnuklylygy mahsus. Olar çagalykda özlerini “kiçijek uly adam” ýaly alyp barýarlar,ähli zatlara düşündiriş tapmaga ymtylýarlar. Melanholik temperamentli çagalar bilen gündelik durmuşda ýüze çykýan kynçylyklar: ujypsyz bellikler göz ýaşlaryň ýüze çykmagyna getirýär, belli bir işi ýerine ýetirmezden ozal “Men hiç zat başaramok” diýen pikir bilen işe girişmäge gorkýarlar. Bu ýagdaýda ene-atalaryň ýalňyşlyklary: öz içki dünýäsinde ýaşaýan melanholikleriň asuda daşky keşbi bilen rahatlanyp, ulular köplenç olaryň başdan geçirmelerine we meselelerine üns bermeýärler.

Maslahatlar: Melanholik toparlaýyn oýunlara kynlyk bilen goşulýar,ýöne özüni ýeňip geçende uly lezzet bilen oýnaýar. Oňa oýuna goşulmaga kömek beriň, tanyşmakda,aragatnaşyk saklamakda ýardam ediň. Şowsuzlyk ony beýlekilerden pes etmeýändigini düşündiriň. Melanholik bilen aragatnaşykda siziň şygaryňyz:”Adamlara ýalňyşmak mahsus” bolmalydyr. Çaga üçin iň ýakyn adam bolmaga çalyşyň,onuň ynamyny gazanyň,syrlaryny saklaň,gaty tankytlamaň. Dartgynly ýagdaýlardan çykalga tapmagy,öz pikirini goramaklygy öwrediň,ýöne oňa basyş etmäň. Eger-de melanholik toparda özüni amatly,rahat duýsa,ol beýni-aň merkeziň ornuny tutup biler.

Gülendam HAÝDAROWA,
Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu