Sagdyn durmuşSlider

Çaýy günde nähili içilmeli?!

07-05-2023 / 15

Çaý dünýäde iň köp sarp edilýän içgidir. Beýni, myşsalar, ýürek we ýatkeşligiň artdyrmak üçin peýdalydygy mälimdir. Esasanam Aziýada adamlar peýdaly täsirleri üçin gadymy döwürlerden bäri çaý içýärler. Ýöne her gün köp içilýän çaý, käbir ýagdaýlarda saglyga zyýanly bolup bilýär. Çaýyň dürli görnüşleriniň düzümi we kabul ederlikli gündelik mukdary hakda bilmeklik zerurdyr.

Antioksidantlara, katekinlere we L-teanine baý çaýlar örän sagdyn we käbir keselleriň öňüni almak, metabolizmi çaltlaşdyrmak we beýniniň işini gowulandyrýar.

Çaý dürli biologiki işjeň birleşmeleri öz içine alýan ösümlikdir.  Bulara polifenollar, karotinoidler we hlorofil, kofein we teofillin ýaly maddalar degişlidir. Şeýle-de bolsa, çaýda L-teanin ýaly ýörite aminokislotalar bar. Onuň düzüminde ýokumlar we minerallar hem dürli mukdarda bar. Mundan başga-da, çaý ýapraklarynda kofein bar. Ösümligiň beýleki belli merkezi nerw ulgamynyň gyjyndyryjylary teofillini we teobromini öz içine alýar. Gury maddanyň düzümi kofe noýbasyndan has ýokary bolsa-da, dürli gaýtadan işlemegiň usullary sebäpli çaý az stimulýatorlary öz içine alýar. Bir käse çaýda deň mukdarda kofe ýaly ýarym kofein bar. Ýöne bu zatlara garamazdan, caýy artykmaç kabul etmek saglygymyza zyýanyny ýetirip biler.

Çaý aşa köp içilende düzüminde  tein barlygy sebäpli “çaý serhoşlygy” ýagdaýyna hem sebäp bolup biler.Çaýyň düzümindäki kofein bolsa güýçli gyjyndyryjy migren hüjümlerini döredip, ukusyzlyga eltýär. Bu bolsa degna dartgynlylygyna artdyryp bilýär. Ol çig bolany üçin aşgazana hem zyýanly bolup biler. Şeýle-de, kofeiniň konsentrasiýasy iýmit siňdiriş bilen baglanyşykly kislotanyň mukdarynyň köpelmegi sebäpli ýürek bulanma ýa-da aşgazan agyrysyna sebäp bolup biler.  Esasan hem, gök çaý, ak çaý we käbir gara çaýlaryň görnüşleri teine ​​baýlygy sebäpli, köplenç, artykmaç Kabul edilende dürli zyýanly täsirleri döredip biler. Gök çaýyň ulanylmagy, düzümindäki kateşinler sebäpli ýürek-damar keselleriniň öňüni almaga kömek edýär. Beýleki tarapdan, çaýdaky kofein gan basyşyny ýokarlandyryp, ýüregiň çişmegine we ýürek-damar ulgamyna basyş edip biler. Şol bir wagtyň özünde-de degna ulgamyny herekete getirip, alada, gaharlanma we stres duýgularyny artdyryp biler. Ýürek-damar kesellerinden, ýürek ýetmezçiliginden we aladalaryň köpelmeginden ejir çekýänlere çaýy aşa köp ulanmak maslahat berilmeýär.

Çaýy her günde birnäçe käse içmek maslahat berilýär. Içgi irden ýa-da günortan az mukdarda içmek  peýdalydyr.

Taýýarlan: Atajan ISMEDOW,
Lebap welaýat Köpugurly hassahanasynyň Kärdeşler arkalaşygy guramasynyň başlygy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu