
Geçirilen barlaglaryň netijelerine görä, hepdede 30 minut ýa-da ondan köp wagtlap telefonda gürleşýän adamlaryň ýokary gan basyşynyň döremek howpunyň has ýokarydygyny görkezipdir.
«Daily Mail» -iň habaryna görä, Hytaýyň Günorta lukmançylyk uniwersitetiniň topary öýjükli telefonda gürleşmek bilen ýokary gan basyşynyň töwekgelçiliginiň arasynda baglanyşyk barmy ýa-da ýokdugyny derňedi.
Gözlegleriň çäginde Angliýada takmynan 200 müň adam 12 ýyl yzarlandy. Ýagny, telefony hepdede 30 minut ýa-da ondan köp ulanýanlaryň, az gürleýänlere garanyňda ýokary gan basyşynyň döremek howpunyň 12 göterim ýokarydygyny görkezdi.
Ýokary gan basyşynyň döremek howpy iň ýokary bolan toparyň günde bir sagat telefonda gürleşýänlerdigi bellendi. Şeýle-de, hepdede alty sagatdan gowrak telefonda gürleşýänleriň ýokary gan basyşynyň bäş minutdan az gürleýänlere garanyňda 25 göterim ýokarydygy anyklandy.
Gözlegçiler öýjükli telefony ulanmak bilen ýokary gan basyşynyň arasyndaky baglanyşygyň enjamlar tarapyndan çykýan radio ýygylyk energiýasynyň pes derejesi bilen baglanyşykly bolup biljekdigini bellediler.
Gatnaşanlaryň jübi telefonlaryny näçe ýyl ulanandyklary we gulaklyk (nauşnik) ýa-da gürleýjiler ýaly enjamlary ulanandyklary töwekgelçiligiň derejesinde üýtgeşiklik döretmedi.
Netijede, hünärmenler ýürek saglygy nukdaýnazaryndan telefon jaňlarynyň azaldylmalydygyny duýurýarlar!
Röwşen PIRIÝEW,
TOHI-niň agroinžener hünäriniň 1-nji ýyl talyby.