
SARYMSAK WE SOGANLY ÝAGLY ERGIN
Ösümlik ýagyny 30-40 minudyň dowamynda gaýnap duran suwly gabyň içinde — suwly hammamda saklamaly, soňra sowatmaly. Şondan elli ml. ýag alyp, maýda-ownuk bölünen sarymsagy, sogany şeýle hasapda goşmaly: düýp soganyň dörtden bir bölegini we dört diş sarymsagy garyşdyrmaly we üç sagat goýmaly, soňra süzüp almaly. Ol rinitde — burnuň nemli bardasynyň sowuklamasynda, dykylmasynda burnuň içini ýaglamak üçin ulanylýar.
BALLY SOGAN ERGINI
Üç nahar çemçesi möçberde maýdajyk bölünen düýp soganyň üstüne, elli ml. mylaýym, gaýnadylan suw guýmaly, bir çaý çemçesi ary balyny goşup, ereýänçä garyşdyrmaly, kyrk minut goýmaly, soňra süzüp almaly. Bu melhem burun dykylmasynda (nasmorkda), burun boşlugyny ýuwmak üçin, ýa-da burnuň her deşigine bäş damjadan günde dört-bäş gezek damdyryp, bejermek üçin ulanylýar.
Burunýany boşlugynyň dowamly sowuklamasynda (gaýmorit), balarynyň bally öýjüginiň bir bölejigini alyp, günde bäş-alty gezek, on bäş minudyň dowamynda çeýnemeli, soňra mumyýany tüýkürip çykarmaly.
Näsagçylyk ýüze çykanda lukmanlar bilen maslahatlaşyň!
Narjan KURBANOWA,
Lebap welaýat onkologiýa hassahanasynyň radiolog lukmany.